Guramaçylyk agzalary

 

ORGANLAR 

 

17-nji madda

/1/ Palatanyň Dolandyryjy organlary: Umumy Ýygnak (UÝ), Dolandyryjy Geňeşi (DG), Dolandyryjy Geňeşiň Başlygy, Kontrollyk Geňeşi (KG) we Ýerine Ýetiriji müdiri.

/2/ Palata Organlary, her haýsy aýratynlykda, olary saýlan organlaryň öňünde şeýle hem Umumy Ýygnagyň öňünde hasabat berýärler. Palatanyň her bir Organynyň agzalary, özüniň Organlygynyň çekýän jogapkärçiliklerine jogap berýärler we borçlaryny ýerine ýetirýärler.

 

UMUMY ÝYGNAK

18-nji madda

 Umumy Ýygnak BTSSP-nyň iň uly Organy bolup durýar. Onda adaty we hormatly agzalaryň hut özleri ýa-da olaryň wekiller gatnaşyp bilerler.

 

19-njy madda

/1/Umumy Ýygnak:

1. Düzgünnamany düzýär we üýtgeşmeler girizýär;

2. Beýleki kada kanunlary düzýär;

3. Dolandyryş Geňeşiniň agzalaryny işe saýlaýar we wezipesinden boşadýar;

4. Agzalary kabul edýär ýa-da ret edýär;

5.Jemgyýetiň döredilmegi ýa-da ýok edilmegi baradaky kararlary kabul edýär;

6.Palatanyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryny we programmalaryny kesgitleýär;

7. Býujeti kesgitleýär;

8.Hususyýetçilik we agzalyk wznoslarynyň mukdary baradaky kararlary kabul edýär;

9.Dolandyryş Geňeşiniň ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatyny kabul edýär;

10. Palatanyň beýleki Organlary tarapyndan kabul edilen, kanuna, düzgünnama we beýleki içeri resminamalara garşy çykýan kararlaryny ret edýär;

/2/ Birinji paragrafda bellenen 1,3,5,7,9 we 10-njy nokatlardaky hukuklar, Palatanyň beýleki organlary tarapyndan kabul edilip bilmeýär;

/3/ Umumy Ýygnagyň Kararlary Palatanyň beýleki Organlary üçin hökmanydyr;

 

20-nji madda

/1/ Kada boýunça, her ýylyň birinji bäş aýynyň dowamynda Dolandyryş Geňeşi umumy Ýygnagy çagyrýar. Umumy Ýygnak her ýylda bir gezek geçirilýär.

/2/ Kadadan daşary ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda we gyssagly wagtda çözülmeli meseleler ýüze çykan mahalynda, umumy Ýygnagyň nobatdan daşary mejlisi çagyrylyp bilner.  Umumy Ýygnagyň nobatdan daşary mejlisi Palatanyň Ýolbaşçysynyň haýyşy, Kontrollyk Geňeşiniň haýyşy ýa-da Palatanyň iň azyndan 1/3 agzalarynyň haýyş etmegi esasynda çagyrylyp bilner;

/3/ Umumy Ýygnagyň çakylygy, ýygnagyň geçiriljek senesiniň iň azyndan 1 aý öňünden agzalara resmi bildirişler üsti bilen şeýle hem elektron hat, faks ýa-da poçta üsti bilen ýetirilýär. Ýygnagyň geçiriljek ýeri, senesi we wagty ýaly maglumatlar çakylykda bellenýär.   Şeýle hem Umumy Ýygnak haýsy tarapyň karary esasynda çagyrylýandygy çakylykda bellenmelidir. Umumy Ýygnakda çözüljek ähli meseleleriň, gürrüňi ediljek materiallaryň we ýygnalan teklipleriň sanawy we yzygiderligi çakylyga berkidilmelidir.

/4/ Agzalaryň ýa-da wekilleriň iň azyndan ýarysyndan gowragy gatnaşan ýagdaýynda, umumy Ýygnak kanuna laýyk diýlip hasap ediler;

/5/ Ýygnagyň kararlygy bolmadyk mahalynda, duşuşygyň wagty şol bir günüň özünde bir sagat yza çekilýär we umumy Ýygnaga gatnaşyjylaryň sanyna garamazdan, kanuna laýyk diýlip hasap edilýär;

/6/ Umumy Ýygnagyň belli bir Karary kabul etmegi üçin, gatnaşyjylaryň köpçülikleýin ses bermegine seredilýär, emma 19-njy maddanyň 1-nji böleginiň 1,5 we 7-nji nokatlaryndaky kararlaryň kabul edilmegi üçin agzalaryň 2/3 böleginiň ses bermegi wajypdyr. 

/7/ Resmi Ynanç Hatynyň esasynda, bir wekil iň köpünden üç agza çenli wekilçilik edip biler.  Üçden köp agza wekilçilik etmäge we ygtyýarnama almaga rugsat berilmeýär.

/8/Umumy Ýygnagyň Karary gol çekilen badyna güýje girýär. Karary soňa goýmak ýa-da halka ýaýratmak ýaly kadadan çykmalar bolan ýagdaýynda, kararyň güýje girjek wagty üýtgedilip bilner.

/9/ Ýerli we merkezi häkimiýetleriň wekilleri, habar beriş gullugynyň wekilleri şeýle hem özbaşdak geňeşlikler umumy Ýygnagyň mejlisine gatnaşyp bilerler.

/10/Dolandyryjy Geňeş ýygnaga gatnaşmazdan karar kabul edip biler. Onuň üçin agzalaryň her haýsysy, şol günde çözülen ähli meseleleri we kabul edilen kararlary görkezýän Teswirnama gol çekmeli.  Teswirnamany elektron poçta, faks ýa-da göni poçta üsti bilen alanyndan soňra, 7 (ýedi) günüň dowamynda gol çekilen görnüşini ibermäge agzalar borçlydyr.

 

DOLANDYRYJY GEŇEŞ

21-nji madda

/1/ Dolandyryjy Geňeş (DG) Palatanyň öňde goýan maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär we şol babatda alnyp barylýan işlere gözegçilik edýär. Ol Palatanyň işleri üçin ýolbaşçylyk kadalaryny kabul edýär. Dolandyryjy Geňeş (DG) umumy Ýygnagyň karary esasynda hereket edýär.

/2/Palata 5 (bäş) ýyllyk saýlanan Dolandyryjy Geňeşiň üsti bilen dolandyrylýar we görkezilýär.

/3/Dolandyryjy Geňeş (DG) 3 (üçden) 7 (ýedä) çenli agzalardan ybaratdyr, ol agzalar Palatanyň agzalarynyň wekilleri bolup, umumy Ýygnagyň netijesinde saýlanýarlar.

/4/ Dolandyryjy Geňeşiň agzalygyna ýuridiki we fiziki taraplar saýlanyp bilerler, olar Palatanyň agzalary bolmaly we özleriniň doly ygtyýarly subýektlerine görkezilýärler.

 

22-nji madda

Dolandyryjy Geňeş:

1.      Palatanyň operatiw dolandyrylyşyny gurnamak we ýolbaşçylyk etmek;

2.      Geljekki alnyp barylmaly işler barada maslahat berýär;

3.      Dolandyryjy Geňeşiň Başlygyny saýlaýar;

4.      Başlyk ýa-da onuň wekili tarapyndan düzülen ýyllyk kalendaryny kabul edýär;

5.      Taslama býujeti barada pikir alyşýar we umumy Ýygnakda seredilmegine ýardam edýär;

6.      Palatanyň wekilhanalarynyň açylmagy ýa-da ýapylmagy barada karar kabul edýär;

7.      Palatanyň agzalaryny kabul edýär we agzalykdan boşadýar;

8.      Täze gurama açmak barada ýa-da başga guramalar, jemgyýetler bilen hyzmatdaşlyk etmek barada karar kabul edýär;

9.      Palatanyň emlägine gözegçilik edýär;

10.  Zerurlyk ýüze çykan mahalynda Palatanyň ýöriteleşdirilen komissiýalaryny ýa-da maslahat beriji geňeşliklerini döredýär; 

11.  Palatanyň salgysyny kesgitleýär;

12.  Palatanyň alyp barýan işleriniň hasabatyny umumy ýygnaga yetirýär;

13.   Umumy Ýygnagyň kararyny herekete getirýär;

14.  Maksatlar üçin niýetlenen fondlary döredýär;

15.  Palatanyň alyp barýan işleriniň tertibini hem-de içeri işler düzgünlerini makullaýar;

16.   Komitetleri, klublary we Palata üçin beýleki kömekçi guramalary döredýär;

17.  Zerurlyk ýüze çykan mahalynda, Başlygyň teklibi esasynda, Ýerine Ýetiriji müdiri saýlaýar;

18.  Umumy Ýygnagyň beýleki tabşyryklaryny hem ýerine ýetirýär.

 

23-nji madda

/1/ Dolandyryjy Geňeş iň azyndan her üç aýda bir gezek gurnalýar, ýa-da Başlygyň buýrugy esasynda we Kontrollyk Geňeşiň, Ýerine Ýetiriji müdiriň talaby esasynda şeýle hem geňeşiň 1/3  agzalarynyň arzasy esasynda, zerurlygyň çykyşyna göra köp gezek gurnalyp bilýär. Başlyk arzany kabul edenden soňra 2 (iki) hepdäniň dowamynda Dolandyryjy Geňeşiniň mejlisini gurnamadyk ýagdaýynda, geňeşiň gyzyklanma bildirýän her bir agzasy mejlisi çagyryp biler.

/2/ Dolandyryjy Geňeşiniň mejlisine agzalaryň ýarysyndan köpragi gatnaşan ýagdaýynda, mejlis kanuna laýyk diýlip hasap edilýär. Telefon ýa-da başga usul bilen baglanyp, şahsyýetiň hut öziligini doly mälim edip, mejlisiň karary geliş işlerine doly gatnaşan agzalar we gatnaşygy mejlisiň Teswirnamasynda bellenen agzalar geňeşiň  gatnaşyjysy diýlip hasap ediler.

/3/ Dolandyryjy Geňeşiň karar kabul etmegi köpçüligiň ses bermegi netijesinde amala aşyrylýar.

/4/ Dolandyryjy Geňeş ýygnaga gatnaşmazdan karar kabul edip biler. Onuň üçin agzalaryň her haýsysy, şol günde çözülen ähli meseleleri we kabul edilen kararlary görkezýän Teswirnama gol çekmeli. 

/5/ Geňeşe gatnaşýandyklary üçin dolandyryjy Geňeşiň agzalaryna sylag berilmeýär.

 

BAŞLYK

24-nji madda

 /1/ Başlyk umumy Ýygnak tarapyndan 5 (bäş) ýyllyk möhlet bilen saýlanýar. Başlyk dolandyryjy Geňeşiň agzalarynyň arasyndan saýlanýar.

/2/ Başlygyň borçlary:

1. Palatany üçünji taraplara görkezýär;

2.Umumy Ýygnagyň, dolandyryjy Geňeşiň we Ýerine Ýetiriji müdiriň kararlaryny ýerine ýetirmekde, şu düzgünnamanyň 23-nji maddasyna laýyklykda,  karar kabul edýär we dolandyryjy Geňeşiň işlerine gözegçilik edýär;

3.Umumy Ýygnagyň kabul eden kararlaryny ýerine ýetirmek üçin, şu düzgünnama laýyklykda ýolbaşçylyk edýär;

4. Dolandyryş Geňeşiniň mejlisini çagyrýar;

5.Palatada işleýän işgärleri kesgitleýär.

/3/ Başlygyň Orunbasaryny dolandyryjy Geňeşiniň agzalarynyň arasyndan saýlamak bolýar.

 

KONTROLLYK GEŇEŞI

25-nji madda

/1/Kontrollyk Geňeşi 5 (bäş) ýyl möhlet bilen saylanan 3 (üç) agzalardan ybaratdyr. Kontrollyk Geňeşiniň agzalygyna umumy Ýygnagyň agzasy bolmadyk taraplar kabul edilip biler.

/2/ Kontrollyk Geňeşiň borçlary:

1.      Palatanyň ykdysady hasabat işlerine we býujeti tassyklaýan serişdelere gözegçilik etmek;

2.      Dolandyryjy Geňeşiň we umumy Ýygnagyň öňünde berlen hasabatlar barada öz pikirini beýan edýär;

3.      Dolandyryjy Geňeşiň we umumy Ýygnagyň öňünde öz işiniň hasabatyny berýär;

4.      Ýolbaşçylar saýlawy barada Palata agzalarynyň arasynda näsazlyklar ýüze çykan mahalynda, öz gözýetimini beýan edýär;

5.      Öz agzalarynyň arasyndan başlyk saýlaýar we Başlyk dolandyryjy Geňeşiň mejlislerine gatnaşmaga hukukly bolýar;

 

ÝERINE ÝETIRIJI MÜDIR

26-njy madda

Zerurlyk ýüze çykan mahalynda, Başlyk şu aşakdaky ygtyýarlandyrmalar esasynda Ýerine Ýetiriji müdiri wezipä kabul edip biler:

1.      Umumy Ýygnagyň, dolandyryjy geňeşiň we Başlygyň buýruklaryny ýerine ýetirýär;

2.      Palatanyň dolandyryş işlerini düzgüne salýar;

3.      Başlyk bilen maslahatlaşyp, ştat düzüminiň ýagdaýyna göra işgärleri işe kabul edýär we işden boşadýar;

4.      Býujetiň çykdajylaryna ýolbaşçylyk edýär we Başlyk bilen maslahatlaşyp, dolandyryjy Geňeşiniň tassyklamasyndan soňra Palatanyň düzgünlerine we dessurlaryna laýyklykda maddy resurslaryna gözegçilik edýär;

5.      Başlyk ýa-da başlygyň Orunbasary tarapyndan tabşyrylan ähli beýleki alnyp barylýan işleri düzgüne salýar.

 

BTSSP Guramaçylyk Geňeşligi :

 

BTSSPdolandyryjy geňeşiniň başlygy

 

Georgiý Simeonow Agafonow

                                                                                                       BTSSPdg başlygy

 

 

 

 

 

 

 

 

 

    Giorgiý Simeonow Agafonow  - Bolgar telekeçisi, syýasat we jemgyýet işgäri. Ol 1961-nji ýylyň 22-nji Iyulynda, Bolgariýanyň Burgas şäherinde eneden doguldy. Burgas şäheriniň Gämi gurluşyk mekdebini tamamlady we Sofiýadaky Milli we Dünýewi Ykdysadyýet Uniwersitetinde yokary bilim alyp onuň “Marketing we Dolandyryş” fakultetini Magistr derejesi bilen üstünlikli tamamlady.Rus we Iňlis dillerinde erkin gürleşyär.

1989-njy ýyldan häzirki wagta çenli maglumatlar pudagynda ägirt we işjeň rol oýnaýar. 1989-njy ýylda syýasy režimiň üytgemegi bilen Bolgariýada ilkinji hususy radiostansiýasynyň (Radio 99) düýbüni tutujy we 1990-njy ýylda “Sem Dneý” giň ýaýlymly Telewideniýe kanalyny esaslandyryjysy bolýar. Telewideniýe kanaly ilki başda sifr we kabel telewideniýesi bolup, 1996-jny ýyldan başlap 2008-nji ýyla çenli analog ýaýlymy gornüşinde dowam edýär.

Ondan başga-da, şol yzygiderlikde, emeli hemra üsti bilen geçýän translýasiýaly birnäçe teleýaýlymlary döretdi we ýolbaşçylyk etdi -  “Kanal2001”, “Bagri” TV, “Jipsi” TV, “EKOTELEWIZIÝA”, “WYARA” TV, “ZDRAWE” TV.

Ol 2007-nji ýyldan bäri “United Media” –nyň esaslandyryjysy we Dolandyryjy geňeşiniň başlygy, 2001-nji ýyldan 2007-nji ýyla çenli “RTS Sem Dneý” professional maslahatçysy, 1994-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli “Perun” adyndaky Konsorsium geňeşiniň başlygy, 1993-1994 ýyllar aralygynda “RTK Sem Dneý” direktorlar geňeşiniň başlygy , 1992-1994 ýyllarda “TV Slawyani” direktorlar geňeşiniň başlygy, 1990-1992-nji ýyllar aralygynda bolsa “SGA International Holding” Başlygy bolup işleýär.

Giorgiý Simeonow Agafonow1997-2001 ýyllar aralygynda 38 Milli maslahatlaryň parlamentinde agzalyk etdi. Parlamentlerde ol Bolgar Biznes-blogynyň 27- Stara Zagora köp mandatly saýlaw okrugynyň lideri hökmünde çykyş etdi.

Ol jemgyýet işgäri hökmünde, 1990 –njy ýyldan häzirki wagta çenli Bolgariýanyň arheologiki we taryhy ösüşlerinde we açyşlarynda işjeň gatnaşýar. Arheologik agratyşlara birnäçe gezek gatnaşdy. Bolgariýanyň taryhy-medeniýeti baradaky 50 den gowrak kitaplaryny çap edip halka ýetiren, “Pont” fonasiaýasynyň esaslandyryjysy we dolandyryjysy. Şeyle hem, şol kitaplaryň esasynda düzülen, Bolgariýanyň taryhy we tebigaty barada birnäçe filmleri döretdi.

Giorgiý Simeonow Agafonow Bolgariýanyň medeniýeti we yly-bilim  ulgamyna bolan goldaw bilen içgin baglydyr – ol birnäçe ýaş, ukyply talyplara we aýdym-saz bilen meşgullanýan ýaşlara daşary ýurtlarda okamaglyga hemaýatkär bolýar; birnäçe guramalara sergidir konsertleri guramaklyga goldaw berýär we “7 Art” gaznalarynyň esaslandyryjysydyr.

1992-nji ýylda ol Bolgar-Ispan söwda-senagat palatasynyň esaslandyryjylarynyň biri bolup, şol palatanyň başlygy wezipesini ýerine ýetirdi.

1994-nji ýyldan başlap, daş-töweregi goraýyş “Çäksiz Ekologiýa” («Экология без границ") atly goragçylygyň esaslandyryjysy we işjeň gatnaşyjysy bolup hyzmat etdi.

Bolgariýadaky Atçylyk syýahatçylygynyň Birleşiginiň 10 ýyldan gowrak hyzmat edýän prezidenti hökmünde, ol Bolgariýanyň Atçylyk syýahatçylygynyň ösüşinde işjeň gatnaşýar we berk goşant goşýar.

2014-nji ýylyň 7-nji Iyulynda, BTSSP Umumy Maslahaty esasynda,  Giorgiý Simeonow Agafonow Dolandyrjy Geňeşiniň Başlygy edilip saýlandy.

 

 

                                    Kalço Nikolaýew Hinow

 BTSSP DG agzasy

                                                                              

Kalço Nikolaýew Hinow  - Bolgar telekeçisi, döwlet we jemgyýet işgäri.

Ol 21.06.1940 ýylda, Sofiýada eneden doguldy. Ol “Bilgelm Pik” atly orta mekdebi tamamlap, Sofiýanyň NSA we MEI ýokary okuw jaýlarynda ýokary bilim aldy. Ol köpçülige mälim sportsmen we türgençi  - Bolgariýanyň 10 ýyldan gowrak her ýylky çempiony.

Sportdan gideninden soňra Kalço Nikolaýew Hinow, INIMEKS Holding esaslandyryjysy bolýar. Onuň esaslandyran guramasy finans-kredit jaýyny, yag, nebit, ýangyç importlary we eksportlary, marketing we alyp baryş işlerini öz içine alýar.

1992-nji ýylda 1998-nji ýyla çenli Kalço Nikolaýew Hinow Transport we Kommunikasiýa Ministrliginiň Baş Sekretary we Ministriň Orunbasary bolup işledi.

Kalço Nikolaýew Hinow hökümete degişli bolmadyk, dünýaniň 186 döwletlerinde ýerleşýän, 108 ýyl taryhly,  1,2 milliondan gowrak agzalary bar bolan Günorta-Gündogar Yewropanyň, ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň “Rotary International” iň bir uly gumanitar guramasynyň sebitleýin koordinatory bolup hyzmat edýär. Ol Bolgar Rotarynyň rekonstruktory we Bolgariýa raýonynyň ozalky etrap häkimi.

Kalço Nikolaýew Hinow 2014-nji ýylyň Iyul aýynyň 7-sinde BTSSP Umumy Maslahaty esasynda, Dolandyryjy Geňeşlik agzalygyna saýlandy.

 

Daniel TenchewDelchew

Elitsa Chavdarowa Stanchewa

Desislawa Svetlozarowa Tsvetanowa

 

    

BTSSP Kontrollyk Geňeşligi:

 

 

                            
Dimitar Iwanow Grozdew


 BTSSP KG agzasy                      

 

 

Dimitar Iwanow Grozdew  - Raýatlyk we Kommersiýa hukuklary boýunça hünärmeni we bolgar ýuristy.

Ol 1972-nji ýylda Stara Zagora şäherinde eneden dogulyp, 1998-nji ýylda Burgas Uniwersitetinde Magistr derejesini üstünlikli alýar.

Iňlis we rus dillerinde erkin gürleýär.

Burgas raýon kazyýetinden gullukdan boşadylandan soňra, 2001-nji ýyldan başlap Stara Zagora şäher Aklawjylar Kärdeşliginiň agzasy bolýar.

2010-njy ýyldan bäri “Grozdew we Bari” yuridik firmasynyň dolandyryjylar agzasy.

Aklawjy Dimitar Iwanow Grozdew 2014-nji ýylyň Iyul aýynyň 7-sinde BTSSP Umumy Maslahaty esasynda, Kontrollyk Geňeşlik agzalygyna saýlandy.

 

                           Stefan Iwanow Želýazkow

BTSSP KG agzasy

 

Stefan Iwanow Želýazkow meşhur bolgar syýasatçysy we senagat işgäri. Ol Kazanlyk şäherindäki “Stroitelnaýa Mehanizasiýa” OOO – synyň düýbüni tutujysy we baş müdiri.

 “Stroitelnaýa Mehanizasiýa” OOO  - yerasty gurluşyklary alyp barýan injenerlik kompaniýasydyr. Bu guramanyň düýbi 1991-nji ýylda tutulyp, ilki başda ýol-gurluşyk we gurluşyk enjamlaryny bejeriş işlerini ýerine ýetirýärdi. 1999-njy ýylda bu gurama Garymsyz Tehnologiýalary boýunça hünärmeni. Bu gün bolsa  “Stroitelnaýa Mehanizasiýa” OOO  Bolgariýanyň we regionyň yer asty infrastrukturasyny dikeltmek we montaž etmek boyunça iň bir öňdebaryjy Garymsyz Taslamalaryň eýesi we tehniki maşynlary we enjamlary öndürýän guramadyr. Ýol-gurluşyk tehnologiýalaryny peýdaly ulanmak we bejermek boýunça kompaniýanyň hususy sehi dikeldildi.

Stefan Iwanow Želýazkow Garymsyz Tehnologiýalary  boýunça Halkara Jemgyýetçilik Müdirler Geňeşliginiň agzasy, şol ugruň Bolgar assosiasiýasynyň düýbüni tutujylaryň biri we assosiasiýa 2007-nji ýylda döredilenden bäri onuň başlygy wezipesini ýerine ýetirýär.

Ol Bolgariýanyň gurluşykçylarynyň Palata Geňeşliginiň agzasy we “Woda” bölüminiň müdiriniň orunbasary. “Strategiki infrastruktura 2013” atly VIII Milli Maslahatyna gatnaşyjysy. Stefan Iwanow Želýazkow Garymsyz Tehnologiýalar baradaky birnäçe tanyşdyrmalaryň, kitaplaryň awtorydyr – mysal üçin, onuň “Içilýän suwuň ýitmegini azaltmak üçin alyp barylýan işleriň kuwwatlanmagy: mesele we tejribe” atly kitaby 2011-nji ýylda halka ýetirildi. Bu kitap Birleşen Milletler Guramasynyň Uniwersitetiniň žurnalynda kömek hökmünde çap edildi.

Stefan Iwanow Želýazkow 2014-nji ýylyň Iyul aýynyň 7-sinde BTSSP Umumy Maslahaty esasynda, Kontrollyk Geňeşlik agzalygyna saýlandy.

 

                                                Stefan Stoýanow

                                    BTSSP KG agzasy


Stefan Stoyanow bolgar alymy, diplomaty we syýasy işgäri.

1954 – nji ýylyň Sentýabr aýynyň 16synda Sofiýa şäherinde eneden doguldy

Sofiýa şäheriniň “Sw. Kl. Ohridskiý” Uniwersitetinde, Matematika fakultetini tamamlady. Ylym Kandidaty. Iňlis, grek, nemes we rus dillerinde erkin gürleýär. Ýokary Ykdysadyýet Institutynda matematika ugry boýunça dosent bolup işleýär. Bolgariýanyň Matematikler geňeşliginiň dolandyryjysy. Matematika Ylymlar Akademiýasy Institutynda ylmy işgär.

7-nji Milli Beýik Maslahatynyň deputaty. 1991-nji ýylyň Iyul aýynyň 23 - inde Konserwatiw Ylalaşygy - Demokratik Partiýasynyň düýbüni tutýar we baştutanlyk edýär. 2002-nji ýylyň Mart aýyndan 2007-nji ýylyň Mart aýyna çenli Bolgariýa Respublikasynyň Gresiýadaky Ilçisi bolup işleýär. Sofiýadaky Rotari-klubynyň düýbüni tutujysy we agzasy.

Stefan Stoyanow 2014-nji ýylyň Iyul aýynyň 7-sinde BTSSP Umumy Maslahaty esasynda, Kontrollyk Geňeşlik agzalygyna saýlandy.