BTSSP MAKSADY

„Bolgar-Türkmenistan Söwda-Senagat Palatasy” (BTSSP) iki tarapyň biznes we telekeçilik wekilleriniň höwes bildirmekleri esasynda, we olaryň birnäçe ösüp barýan mümkinçilikleri göz öňünde tutmagy esasynda döredildi. Bu palata türkmen we bolgar kompaniýalary, kärhanalary we guramaçylyk işgärleri üçin gyzykly habarlaryň we pikirleriň paýlaşyp biljek pudagydyr.

„Bolgar-Türkmenistan Söwda-Senagat Palatasy” (BTSSP) edara görnüşli tarap bolup, baş iş jaýy Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde ýerleşýär. Еdaranyň doly adresi: Salgymyz: Bolgariýa, 1000, Sofiýa, "Sweta Nedeliýa" Jaý №16, З-nji gat, Tel.:+359 2 866 91 48
Fax:+359 2 866 91 48

 

Telekeçilikde bu edara ýurduň kanunlary esasynda ýöredilip, onuň düzgünnamalary we işe degişli bolan guramaçylyk kararlary Ýewropa we Dünya kanunlaryna laýyklykda kabul edildi.

BTSSP işgärleriniň düzümi garyşykdyr, edaralar we şahsy taraplar, hatda köp milletlerden düzülen biznes jemagatlary onuň agzalary bolup bilerler.

 

BTSSP-nyň öňde goýan esasy maksatlary:

•             Türkmenistan we Bolgariýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady aragatnaşygy ösdürmek we goldamak.

•             Agzalaryň hyzmatdaşlyk höweslerini Türkmenistandaky we Bolgariýadaky döwleti we jemgyýetçilik edaralarynyň öňünde, hem-de üçünji döwletde goramak.

•             Halkara hyzmatdaşlygy hem-de iki tarapyň dünýä bazarynda üstünlikli integrasiýa hyzmatdaşlygyny höweslendirmek we goldamak.

 

Şeýlelikde BTSSP-nyň has öňde tutýan maksatlary:

•             Öz islegleri boýunça agzalyga goşulmak islän, Türkmen-Bolgar halkara biznes aragatnaşygyna höwes bildirýän edaralaryň we guramalаryň sanawa girizilmegi.

•             Hususy we halkara maglumat ulgamlarynyň, telekeçilik maglumatlar, marketing, hukugy gatnaşyklar we ş.m  bazalarynyň döredilmegi we ulanylmagy.

•             Daşary ýurt maýa goýum şertleri baradaky häzirki zaman maglumatlaryny ýetirmek bilen, Bolgar we Türkmen telekeçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek.

•             Iki döwletiň dolandyryjylaryna we telekeçilerine ähli kanunlar we kararlar, söwda we tassyklama düzgünleri barada habar ýetirmek we ol işleri alyp barýаn agzalar bilen tanyşdyrmak.

•             Edaramyzyň agzalaryna konsultatsiýa bermek, ýagny olary gyzyklandyrýan şertnamalar, salgyt, gümrük, hukuk, walýuta, maliýe, transport, ekspeditorlyk we ş.m soraglara, hem-de milli we halkara standartlary, Ýewropa we halkara hukuklaryň talaplary baradaky soraglara jogap bermek.

•             Sergi guramalary we başga ekspo-başlangyç çäreleri gurnamak; Türkmenistanda, Bolgariýada we üçünji ýurtlarda söwda işleriniň alnyp barylmagy üçin, we guramalaryň gatnaşmagy üçin goldaw bermek.

•             Ýurtda we daşary ýurtlarda ussat çap edip ýaýratmalar, halkara sergi guramalar, maslahatlar, ylmy dabaralar (simpoziumlar), hünärmenler maslahatlary,  iş bilen bagly bolan gatnaşyklar, yöriteleşdirilen sergiler üsti bilen edaramyzyň agzalarynyň iş hereketlerine hemayat etmek, hem-de Bolgar we başga ýurt wekilçiliklerini Türkmenistanda we çet ýurtlarda görkezmek.

•             Öz islegi ýa-da taslama agzalarynyň islegleri esasynda, maýa goýumyň, infrastruktura biznesiniň, telekeçiligiň we başga ugurlaryň ykdysady ösüşini işläp düzmek we alyp barmak.

•             Bazar aragatnaşyklarynyň ahlak kadalaryny, düzgünlerini işläp düzmek we ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek. Düzgün bozulan mahalynda edara agzalaryna habar ýetirmek.

•             Arbitraž işine garamaklygy ýola goýmak we sud işinden daşardaky jedelleri ylalaşdyryjy işleriň tertibini gurnamak.

 

„Bolgar-Türkmenistan Söwda-Senagat Palatasy” (BTSSP) kanun tarapyndan rugsat berilen işleriň, maksatlaryň durmuşa geçirilmegini, ýagny konsultasiýa, bilim berme, söwda, gazna we başga işleri alyp barmagy görkezýär. Bu palata daşky eksportlary, barlag-gözegçilik toparlaryny özüne çekýär; syýahatçylyga, söwda we senagat-maliýe işlerine uly ähmiýet berýän toparlary döredýär.

BTSSP dolandyryş organlary: Umumy ýygnak (UM), Dolandyryş geňeşligi (DG), Dolandyryş geňeşliginiň başlygy, Barlag komiteti (BK) we Ýerine ýetirijilik müdiri.

 

Palatanyň hususylygy palatanyň işleýiş güyjünden başga maksatlar üçin ulanylmaýar.

Ol eýeçilik hukugyndan ybarat bolup, gozgalýan we gozgalmaýan emläklere bolan hukuklardan, şeýle hem agzalyk maliýe gatançlary, bergililik we ş.m hukuklardan ybarat bolup durýar.

Palatanyň hyzmaty agzalyk gatançlary, peşgeş, fondlar, programmalaryň we jemgyýetleriň hususy we bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, biznes girdejiler, paý-peýdalar, haýyr-yhsan gatançlary we ş.m. bilen dolandyrylýar.

Häzirki zamanda „Bolgar-Türkmenistan Söwda-Senagat Palatasy” (BTSSP) Bolgariýanyň söwda-senagat palatalar klubynyň agzasy bolup durýar.