Türkmenistan barada maglumat

                          

                                 

       

Türkmenistan

Umumy maglumatlar

Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz döwlet boldy we şondan bäri bu sene ýurtda Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Häzirki wagtda Türkmenistan 142 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

 

Image result for turkmenistan nature

 

Türkmenistan — demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir. Döwlet dolandyryşy Prezident respublikasy görnüşinde alnyp barylýar. Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Kabul edilen (2016-njy ýylyň 14-njy sentýabrynda täze redaksiýasy) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanuny bolmak bilen, Türkmenistanyň döwlet gurluşy deňagramlylygy saklap, özbaşdak hereket edýän kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar. Konstitusiýada berkidilen kadalar we namalar göni herekete eýe. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlar we beýleki hukuk namalary ýuridiki güýje eýe däldir.

HalkTürkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň öz ygtyýarlygyny ýörediji we ýeke-täk gözbaşy bolup durýar.

Döwlet din we wyždan azatlygyny, olaryň kanun öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýry bolup, olar döwlet işine goşulyp, döwlet wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýärler. Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan bölünendir we dünýewi häsiýete eýedir.

 

Related image

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti — Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy bolmak bilen, döwlet we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany bolup durýar. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine – Hökümetine baştutanlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet garaşsyzlygynyň we bitaraplyk derejesiniň, ýurt bitewiliginiň, Konstitusiýanyň berjaý edilişiniň we halkara borçlarynyň ýerine ýetirilişiniň kepili hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bolup durýar.

 

Related image

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, kanun çykaryjy häkimiýetini (Parlamenti) amala aşyrýar. Ol ýerli saýlaw etraplary boýunça 5 (bäş) ýyl möhlet bilen saýlanylan 125 deputatdan ybaratdyr.

 

Related image

 

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan ählumumy, deň hem göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek arkaly we alternatiw esasda amala aşyrylýar.

Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti dine kazyýetlere degişlidir. Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir.

MEÝDANY

Türkmenistan– Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň biri bolup, onuň meýdany boýunça olaryň arasynda ikinji orny eýeleýär, ýagny Türkmenistanyň tutýan meýdany 491,21 müň km2 deňdir. Onuň günbatardan gündogara 1100 km. we demirgazykdan günorta 650 km. uzaýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy, demirgazyk–gündogarda we gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günorta-gündogarda Owganystan Yslam Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen serhetleşýär. Şeýle hem günbatarda Hazar deňzi tebigy serhedi bolmak bilen Azerbaýjan Respublikasy bilen hem serhetleşýär.

ILATY

Türkmenistanyň ilaty 6 mln. adamdan gowrakdyr. Türkmenistan — köp milletli döwletdir. Ýurtda 100-den gowrak milletleriň we halkyýetleriň wekilleri ýaşaýarlar.

 

Related image

 

 

DÖWLET DILI

 

Türkmen dili—döwlet dili bolup durýar.  Türkmenistanyň ähli raýatlaryna ene dilini ulanmak hukugy kepillendirilýär. Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde üç dili – türkmen, iňlis we rus dillerini öwrenmeklik üpjün edilen. Bulardan başgada, ýörite orta mekdeplerinde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde fransuz, hytaý, nemes, ýapon we beýleki daşary ýurt dilleri öwredilýär.

 

PUL BIRLIGI

 

Milli pul birligi 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilen manat bolup durýar. Häzirki wagtda milli walýutanyň erkin konwertirlenýän walýuta bolan gatnaşygy: 3,50 manat = ABŞ-nyň 1 dollary.

“Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” Kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, maliýe edaralary tarapyndan birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda döwletimiziň ilatyna “Visa”:“Visa Eleсtron”, “Visa Сlassiс”, “Visa Gold”, hukuk görnüşli taraplara bolsa “Visa Business” ýaly kart görnüşleriniň hyzmatlary edilýär. Söwda ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary ýola goýmak boýunça halkara töleg ulgamlary, hususan-da, “Master Сard” boýunça töleg geçirmegi ornaşdyrmak boýunça degişli işler dowam etdirilýär.

 

ADMINISTRATIW-TERRITORIAL GURLUŞY

 

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri, ol welaýat hukukly administratiw-territorial gurluşly birlikdir. Aşgabadyň düzümine alty etrap — Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag, Arçabil, Abadan we Ruhabat etraplary girýär.

 

Related image

 

 

Türkmenistanda bäş sany welaýat — Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarydyr. Her welaýat etraplara bölünýär. Türkmenistanda 50 etrap, 8 şäherlerdäki etraplar, 24 şäherler, 76 şäherçe, 553 geňeşlik (oba ýerli düzümler) we 1903 sany oba ilatly ýerlerdir.

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝRAMÇYLYKLARY WE MATAM GÜNLERI

 

Döwletiň esasy döwlet we milli baýramçylyklary :

Täze ýyl — 1-nji ýanwar,

Döwlet Baýdagynyň güni — 19-njy fewral,

Halkara zenanlar güni — 8-nji mart,

Milli bahar baýramy (Nowruz) — 21-22-nji mart,

Ýeňiş güni — 9-njy maý,

Konstitusiýa güni we Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni — 18-nji maý,

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni — 27-28-nji oktýabr,

Türkmenistanyň milli baýramy — Bitaraplyk güni — 12-nji dekabr.

Her ýyl bellenilip geçilýän Gurban baýramynyň we Oraza baýramynyň seneleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

Matam günleri:

Milli ýatlama güni — 6-njy oktýabr.

 

 

Daşary syýasat

 

Türkmenistanyň daşary syýasaty onuň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky Konstitusion kanuny, Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde daşary syýasy Konsepsiýasy we beýleki kanunçykaryjy namalar esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty içeri syýasatynyň logiki dowamy bolup, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesi bilen kesgitlenýär.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy wezipeleri:

  • Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlygyny gorap saklamak we berkitmek, onuň halkara gatnaşyklary ulgamynda ähmiýetini we tutýan ornuny ösdürmek;
  • Döwletiň içerki ösüşi üçin iň ýokary amatly daşary-syýasy şertleri döretmek;
  • Diplomatik gatnaşyklaryň halkara tejribesinde bar bolan ähli görnüşleri bilen Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak we amala aşyrmak;
  • Türkmenistanyň howpsuzlygyny syýasy, diplomatik serişdeler bilen üpjün etmek;
  • deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek;
  • Türkmenistanyň daşary syýasy hereketleriniň halkara hukugyna we BMG-niň Düzgünnamasyna doly laýyklygyny üpjün etmek.

 

Ykdysadyýet

 

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi orta möhletleýin we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.

Türkmenistanyň içerki önüminiň 2016-njy ýylda ösüş depgini 6,2% deň boldy. Döwlet býujetiniň 2016-njy ýylda girdeji bölegi 102%, çykdajy bölegi bolsa 86,5% deň boldy. Býujetiň girdeji böleginiň 80% durmuş ulgamyny maliýeleşdirilmäge gönükdirildi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda doly möçberde maliýeleşdirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

 

Image result for проспекте Битарап Туркменистан

 

 

Şu nukdaýnazardan, soňky ýyllaryň içinde adaty bolan pudaklar, ýagny nebit-gaz toplumy, elektroenergetika, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagy düýpli ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen bir wagtda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny: himiýa önümçiligini, dokma pudagyny, gurluşyk materiallary önümçiligini, telekommunikasiýalar we beýleki ýokary tehnologiýa pudaklaryny emele getirmek boýunça işler alnyp barylýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2012-2016-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça geçirilen işleriň çäklerinde orta möhletleýin geljekde ýokarda agzalan pudaklary mundan beýläk ösdürmäge gönükdirilen ýörite maksatnamalar işlenip düzüldi.Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen özüniň daşary ykdysady gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu gün Türkmenistan dünýäniň 119 sany ýurdy bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýar. 2016-njy ýylyň jemi boýunça bölekleýin satuwyň hem ösüşi, ýagny ol 48,9 milliard manata deň bolandygy bellenildi.

Ykrar edilen tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän, şeýle hem geografik ýerleşiş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, Türkmenistan özüniň halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny, hususan-da, energetika pudagynda, türkmen uglewodorod çeşmelerine we olary daşamagyň serişdelerine hyzmatdaşlaryň deň ygtyýarlylygyny üpjün etmek esasynda alyp barýar. Bu türkmen energiýa geçirijilerini halkara energetika bazaryna çykarmak üçin köpugurly ulag-turbageçiriji infrastrukturalarynyň döredilmegini göz öňüne tutýar.

Şuňa laýyklykda, ýurt adaty ulanýan ugurlary bilen bir hatarda, 2009-njy ýylda özüniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegi üçin iki sany täze iri taslamany, ýagny Türkmenistan-Hytaý we Türkmenistan–Eýran ugry boýunça ikinji gaz geçirijisini amala aşyrdy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan ugry boýunça gaz geçirijisini hem hyzmatdaşlary bilen durmuşa geçirmeklige içgin girişdi.

 

Related image

 

 

Türkmenistan energiýa geçirijilerini Ýewropa döwletlerine ýetirmek babatda hem içgin gyzyklanmak bilen garaýar. Tebigy baýlyklar bilen birwagtda Türkmenistanyň energetika pudagynyň diwersifikasiýa strukturasy, ilkinji nobatda uglewodorod çig malyna esaslanan, senagatyň gaýtadan işleýän täze pudaklaryny döretmegiň üsti bilen yzygider amala aşyrylýar. Bu sebitiň ajaýyp geografiki ýerleşişini hasaba almak bilen, Merkezi Aziýa we Hazar zolagynda Türkmenistan halkara ulag taslamalaryny bilelikde işläp düzmegi möhüm hasaplaýar.

Türkmenistanyň energiýa ulgamy Merkezi Aziýanyň birleşen energiýa ulgamy bilen baglanyşykly we elektrik energiýanyň köp bölegini Owganystana, Eýrana, Türkiýä, Täjigistana we sebitiň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge ukyply. Ýurduň energetika pudagynyň potensialy yzygiderli artdyrylýar: täze elektrostansiýalar we elektrogeçiriji ulgamlar gurulýar, bar bolan energetiki desgalaryň durky täzelenýär we döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda Mary we Lebap welaýatlarynda ýokary woltly elektrogeçirijisi bolan asma liniýalaryň, podstansiýalaryň toplumy gurlup ulanylmaga berildi. Şu işler gutarandan soňra Türkmenistan özüniň Owganystana eksport edýän elektrik energiýasyny artdyrdy. Şonuň ýaly hem, döredilen kuwwatly elektrik energiýany Pakistana we Täjigistana eksport etmäge mümkinçilik berer.

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça tassyklan maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bu pudaga möhüm ähmiýet berilýär. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, dünýäniň energetika bazarlarynda onuň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçiriler. Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynyň köpugurly kuwwaty ýakyn wagtda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynda hem görkeziler.

Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän syýasat uzak möhletleýin, açyklyk, milli bähbitleri nazara almak hem-de özara jogapkärçilik ýörelgesi esasynda guralýar.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine oňyn çemeleşme, milli Liderimiziň energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakyndaky Kararnama hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de goňşy sebitleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, olaryň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de daşky gurşawy goramak ulgamyndaky wezipeleri çözmäge, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmäge ýardam etjek iri halkara taslamalaryň ençemesiniň başyny başlady.

Döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlyklary tapgyrlaýyn artdyrylýar. 2009-njy ýylyň dekabr aýynda onuň ulanmaga berleninden bäri, 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyndaky ýagdaýa görä, Merkezi Aziýadan HHR-e tebigy gazyň 280 milliard kub metrine golaýy iberildi. Gazyň şu möçberiniň 80 göterimden gowragy türkmen ýataklaryndan, ilkinji nobatda bolsa «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ulanylýan ýataklardan ugradyldy.

Häzirki döwürde transmilli gaz geçirijisiniň çig mal binýady pugtalandyrylýar. Onuň gurluşygy anyk netijäni gazanmaga gönükdirilen uzak möhletli, netijeli we oňyn döwletara hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde täze ýataklar tapgyrlaýyn ulanmaga berilýär. Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (СNPС) önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň şertlerinde bu çäkde gözleg, abadanlaşdyrmak we işläp geçmek işlerini amala aşyrýar.

Amyderýanyň sag kenarynda geçirilen seýsmiki barlaglar, gözleg we ulanyş guýularynyň burawlanmagy bu ýerde gazyň iri ýataklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) gurluşygynyň taslamasy iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy. Ol Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan ugry boýunça çekiler. Onuň işe girizilmegi bilen, gaz geçirijisiniň umumy geçirijilik ukyby 85 milliard kub metre çenli, türkmen «mawy ýangyjynyň» HHR-e eksportunyň möçberi bolsa ýylda 65 milliard kub metre çenli artar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir. Täze gaz geçiriji türkmen gazyny diňe bir Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürilmegi, bu ýerde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy üçin uly ähmiýete eýe bolmalydyr.

Munuň özi aýratyn hem, Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegi, durmuş-ykdysady düzüminiň ösdürilmegi, täze iş orunlaryny döretmek ýaly wajyp meseleleriň çözülmegi jähedinden wajypdyr. Bu bolsa, öz nobatynda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder. Gazyň belli bir möçberinden başga-da, günorta goňşymyz türkmen energiýa serişdelerini öz çäginden üstaşyr geçirýändigi üçin uly täjirçilik peýdasyny alar.

2018-nji ýylyň mart aýynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýörite Kararnamanyň kabul edilendigini ýatlatmalydyrys. Onda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag we energetika ulgamlaryndaky halkara taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň gurluşygy, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesi boýunça öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenilýär. Aziýanyň ösüş banky ýeňillikli şertlerde karzlary bermek arkaly bu taslamany işjeň goldaýar.

Häzirki wagtda umumy uzynlygy 1840 kilometre golaý boljak TOPH gaz geçirijisiniň 205 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Owganystanyň hem-de Pakistanyň çäginde gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça gurluşyk işlerine taýýarlyk görülýär. Bu taslama iki tapgyrdan ybaratdyr. Olaryň birinjisiniň çäklerinde turbageçirijä 5 milliard kub metrden 6 milliard kub metre çenli gazyň akdyrylmagy üpjün ediler. Kompressor beketleri gurlandan soň bolsa, TOPH gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre ýetiriler.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, aprel aýynyň ortalarynda Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi boýunça Russiýa Federasiýasyna gazyň iberilmeginiň dikeldilendigini bellemelidiris. 1-nji iýuldan bolsa, «Türkmengaz» döwlet konserninden tebigy gazy satyn almak barada «Gazprom» bilen baglaşylan bäşýyllyk şertnama hereket edip başlady.

Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy hem gün tertibinden aýrylanok. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilenden soň, türkmen «mawy ýangyjynyň» Ýewropanyň bazarlaryna iberilmegini üpjün etmek üçin degişli guraly işläp taýýarlamak maksady bilen bu ugurdaky işler has-da işjeňleşdirildi. Türkmenistanyň Hökümetiniň, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Atom energiýasy boýunça Ýewropa jemgyýetiniň arasynda şu ýylyň iýul aýynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, Aşgabatda döredilen Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýeti hem muňa ýardam etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn geljek üçin öňde goýan wezipeleriniň hatarynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen birlikde, tebigy gazyň hem-de nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze uglewodorod ýataklaryny gözlemegiň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak işlerini, şol sanda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny hem-de olaryň maýalaryny çekmegiň hasabyna degişli işleri işjeňleşdirmek wezipeleri-de bar.

Dünýädäki iri «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek pudagyň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly iň iri maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Onuň Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikdäki gorlary 27 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar.

Häzirki wagtda umumy meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan käniň ulanyş gaznasy 40-dan gowrak guýudan ybaratdyr. Olaryň her biriniň debiti, ortaça, gije-gündizde 2 million kub metr gaza barabardyr. Bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanmaga berildi we häzirki wagtda şeýle kuwwatlykdaky toplumlaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şolar TOPH gaz geçirijisini «mawy ýangyç» bilen üpjün eder. Täze gözleg we ulanyş guýularynyň gurluşygy dowam etdirilýär.

Ýurdumyzyň kärhanalary bilen birlikde, «Galkynyş» känini özleşdirmäge dürli tapgyrlarda dünýäniň iri kompaniýalary — «Hyundai Engineering» we «LG International Corp» (Koreýa Respublikasy) «СNPС» (HHR), «Petrofac International» hem-de «Gulf Oil & Gaz Fze» (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýalary gatnaşdylar.

Mundan başga-da, «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Itochu Corporation», «JGC Corporation», «Mitsubishi Corporation», «Chiyoda Corporation», «Sojitiz Corporation» (Ýaponiýa) «Çalik» we «Rönesans» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasynda bu ýatagy özleşdirmegiň çäklerinde desgalary gurmagyň taslamasy hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyk bar.

Täze ýangyç gorlaryny gözlemek nukdaýnazaryndan, häzirki wagtda Türkmenistanyň çägi uly gyzyklanma döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamy ösdürmek boýunça edýän tagallalarynyň netijesinde ulanylýan ýataklarda geologiýa-gözleg işleri dikeldildi. Munuň özi çuňlugy 7 kilometre çenli bolan düzümleri öwrenmäge gönükdirilendir.

Hususan-da, ýurdumyzyň günbatarynda «Goturdepe» ýatagynda, şol sanda Hazaryň ýalpak suwly böleginde döwrebap enjamlary hem-de programma üpjünçiligini ulanmak arkaly 3D seýsmiki barlaglar geçirildi. Mundan başga-da, 870 pogon kilometre barabar bolan «Darja» çäginde 2D usuly bilen seýsmiki gözleg işleri amala aşyryldy. Indi şeýle işler «Barsagelmez» ýatagynda geçiriler. Şol ýerde 3D seýsmiki surata düşürmek işleri 345 inedördül kilometri gurşap alar.

«Demirgazyk Goturdepe» ýatagyny bu ugurdaky işleriň geljeginiň uludygyny tassyklaýan mysal hökmünde görkezmek bolar. Şol ýerde 4 müň metrden gowrak çuňlukda nebitiň täze gatlagy ýüze çykaryldy. «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan Singapurda bellige alnan «Ýug — Neftegaz» kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan täze maýa goýum taslamasynyň birinji tapgyrynda gözleg-barlag hem-de ulanyş guýularynyň 60-syny gurmak meýilleşdirilýär. Şolaryň birinjisini burawlamak işleri şu ýylyň iýun aýynda başlandy.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleri Hazarýaka sebitde ýerleşen Uzynada meýdançasynda çuňlugy 7 müň metrden gowrak bolan guýularyň ikisini burawlap, uglewodorod çig malynyň senagat akymyny aldylar. Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynyň taryhynda şeýle guýular ilkinji gezek burawlanyldy hem-de häzirki wagtda Merkezi Aziýada iň çuň guýular bolup durýar. Bu ýerde nebitçiler bilen birlikde, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edaralary hem gözleg-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Olar örän çuň guýularyň ýene-de ikisini burawlaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygy ep-esli giňeltmäge uly ähmiýet berýär. Şu ýylyň mart aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň arasynda şu ýatagy özleşdirmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda, Lebap welaýatynda täze «Täjibaý» ýatagy açyldy. Günbatar sebitden tapawutlylykda, bu ýerdäki gaz uly bolmadyk çuňlukda ýerleşýär hem-de ony özleşdirmek aňsatdyr. Şol ýatakdaky ýangyç serişdeleriniň düzüminde kükürtli wodorod ýokdur. Munuň özi bolsa örän wajypdyr. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan burawlanan ilkinji guýular 2400 metr çuňlukda önümli gatlagyň üstüni açyp, debiti 475 — 500 müň kub metre barabar bolan gazyň senagat akymlaryny berdi.

Hazaryň türkmen böleginiň ýataklarynyň hem geljegi uly hasaplanylýar. Bilermenler şolaryň gorlaryny 12,1 milliard tonna nebit we kondensat hem-de 6,1 trillion kub metr gaz möçberinde bahalandyrýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde «Petronas Carigali (Türkmenistan)» (Malaýziýa) kompaniýasy işjeň işleýär. Bu kompaniýa «Toplum –Daýhan birleşigi» şertnamalaýyn çäkde uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak işlerini alyp barýar. Goýlan maýa serişdeleriniň umumy möçberi 11 milliard dollara golaýdyr. Häzirki döwürde «Magtymguly» hem-de «Diýarbekir» ýataklarynda nebiti we gazy çykarmak işleri amala aşyrylýar. Ýakyn geljekde «Garagol deňiz» ýatagynyň günbatar böleginde burawlamak işlerini işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemegi üçin nebitgaz ulgamynda ähli şertler döredildi, şoňa görä-de, dünýäniň işewür düzümleri tarapyndan ýurdumyza gyzyklanma has-da artýar.

«Dragon oil (Türkmenistan) Ltd» kompaniýasy, «Dragon Oiliň» golçur düzümi (BAE) «Çeleken» şertnamalaýyn çägiň düzümine girýän «Jeýtun» we «Jygalybeg» ýataklaryny özleşdirýär. Bu ýerde deňiz nebitgaz düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça giň möçberli işler ýerine ýetirildi. Sanlar barada aýdylanda bolsa, şu maksatlar üçin jemi ABŞ-nyň 6,6 milliard dollaryndan gowrak serişde gönükdirildi.

Häzirki wagtda «Petronas» we «Dragon oil» kompaniýalary Türkmenistanyň «Uglewodorod serişdeleri hakyndaky» Kanunyna laýyklykda, baglaşylan şertnamalary uzaltmak barada gepleşikleri alyp barýarlar hem-de bu babatda täjirçilik teklipleriniň birnäçesini hödürlediler.

Mundan başga-da, «Buried Hill» (Kipr), «RWE» we «Wintershall» (Germaniýa), «ARETI» (baş edarasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýär) kompaniýalary bilen deňiz bölekleriniň birnäçesi boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar bar. Italiýanyň «Eni» kompaniýasy («Nebitdag» şertnamalaýyn çägi) hem-de Awstriýanyň «Mitro International» kompaniýasy («Hazar» konsorsiumy) bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu kompaniýalar Hazar sebitinde indi köp ýyllaryň dowamynda netijeli işleýärler.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Russiýanyň «Tatneft» paýdarlar jemgyýeti bilen «Goturdepe» ýatagyndaky guýulary düýpli abatlamak we nebit gatlaklarynyň önümliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary etmek baradaky şertnamanyň möhleti uzaldyldy. Onuň çäklerinde «Tatneftiň» şahamçasynda işlemek üçin türkmen hünärmenleri goşmaça seçilip alyndy, ýörite tehnikalar gelip başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýun aýynda Tatarystan Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda amala aşyrylýan işleriň gerimini giňeltmek mümkinçiligine garalýar.

Şunuň bilen birlikde, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýangyç çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat desgalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektrik energetikasyna degişli desgalary gurmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Geçen ýyl Gyýanly şäherçesinde milli Liderimiziň gatnaşmagynda polimer zawody dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu döwrebap gazhimiýa toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Corp» hem-de «Hyundai Engineering» kompaniýalary (Koreýa Respublikasy) tarapyndan «TOYO Engineering Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) gatnaşmagynda guruldy. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge hem-de şonuň hasabyna ýokary dykyzly polietileniň 386 müň tonnasyny, polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Germaniýanyň Ýulius Kýun adyndaky institutynyň, Şweýsariýanyň Paul Şerrer institutynyň hem-de ABŞ-nyň Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň güwänamalary taslamanyň maýa goýum babatda bähbitliligi hem-de daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklaýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan zawodyň Döwlet haryt-çig mal biržasy arkaly satuwa çykarylan önümleriniň dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň uly gyzyklanmasyny döredendigi bellärliklidir. Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna polimerleri uly möçberde iberýän ýurtlaryň birine öwrüldi.

Şu ýylyň aprel aýynda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde resminamalaryň ençemesine, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekildi. Hususan-da, «NaPeCo» milli nebit kompaniýasynyň hem-de «LG International» kompaniýasynyň arasynda şu gazhimiýa toplumynyň önümlerini dünýä bazarlarynda ýerlemek üçin bilelikdäki kärhanany döretmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we Koreýanyň senagat tehnologiýalary instituty dokma sintetiki süýümleri, şol sanda Gyýanlydaky zawodyň polimerlerinden önümleri öndürmegi ýola goýmak mümkinçiligini öwrenerler. Şeýlelikde, gaz pudagynda çig maly çykarmakdan we gaýtadan işlemekden başlap, goşmaça ýokary bahaly önümleri ýerlemäge çenli doly önümçilik ulgamy dörediler.

Indi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda Ýaponiýanyň iri kompaniýalary üstünlikli işleýär. Ýaponiýanyň bütin dünýä belli önümleri türkmen bazarynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýun aýynda Ahal welaýatynda dünýädäki ilkinji tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan gurlan bu täsin toplumyň marketing strategiýasy işlenip taýýarlanylýar.

Zawodyň ýylda «Euro-5» standartyna laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa ECO-93 benzininiň 600 müň tonnasyny, ugurdaş önümlerden kükürtden arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny hem-de suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny çykarmaga niýetlenendigini ýatlamalydyrys. Ýewropanyň ençeme ýurtlary bu önüme uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler.

Senagat toplumy «Dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod» hökmünde «Ginnesiň Rekordlar» kitabyna girizildi hem-de Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň «Innowasion tehnologiýalar» hem-de ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň «Ekologiýa taýdan arassa» güwänamalaryna mynasyp boldy.

Bellenilişi ýaly, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalaryň tanyşdyrylyşy bolar. Geljekki maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen forumyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklar we gepleşikler hem şu meselä bagyşlanar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Şolar nebiti gaýtadan düýpli işlemegi 90 göterimden ýokary görkezijä ýetirmäge, ýokary hilli benzinleriň, tehniki ýaglaryň we beýleki nebithimiýa önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, Seýdi şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda benzolyň öndürilişini ýola goýmagyň tehniki we ykdysady taýdan maksadalaýyklylygy öwrenilýär. Şondan soňra benzol dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän polistirol hem-de kauçuk ýaly gymmatly önümleri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylar.

Gaz pudagynda hem birnäçe taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda Balkan welaýatynda ikinji polimer zawody hem-de Ahal welaýatynda sintetiki benzin öndürýän zawodyň ikinji nobatdakysy, Lebapda kauçuk we polistirol öndürýän zawod, Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat (PVAC) hem-de metanol öndürýän kärhana bilen baglanyşykly taslamalar bar.

Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň açyklygy ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, amatly maýa goýum ýagdaýy — bularyň ählisi dürli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň himiýa we nebithimiýa toplumy dag himiýasyndan, esasy himiýadan, plastmas önümlerini öndürmekden, hojalykda ulanylýan himiki önümlerden hem-de senagatda peýdalanylýan uglerody öndürmekden ybarat bolup durýar.

Lebap welaýatynyň Gowurdak-Köýtendag ýerlerinde täze kaliý duzlarynyň ýataklary açyldy hem-de 2009-njy ýylda welaýatyň Garlyk şäherçesinde kaliý dökünlerini öndürýän Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyna başlandy. Kaliý dökünlerini öndürýän Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyna başlanmagy, munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetine täze bir ulgamyň goşulýandygyny aňladýar. Şeýlelikde, kaliý duzlarynyň Garlyk ýatagy ýylda 1-den 1,5 million tonna çenli dökünleri öndürmäge ukyply, gelejekde bolsa 4 million tonna çenli artdyrylar. Toplumyň birinji nobatdakysynyň bahasy ABŞ-nyň bir milliard dollaryna barabardyr.

Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň (demir we gara ýollarynyň, deňiz we derýa portlarynyň, turbageçiriji ulaglaryň) ösmegine bütin ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine ýardam edýän infrastrukturanyň esasy düzüjisi hökmünde uly ähmiýet berýär. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen ulag ulgamyndaky uly göwrümli halkara taslamalary sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

2016-njy ýylda Aşgabatdaky Halkara howa menzilini, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň birinji tapgyry işe girizildi.

Türkmen döwleti Ýewraziýa yklymynyň uly ýollarynyň çatrygynda örän amatly ýerleşmegi ählumumy ösüşi üpjün etmekde milli ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan syýasat ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürilmegine hem-de dünýä bileleşiginiň bähbitlerine sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňden ýola goýmaga gönükdirilendir. Häzirki zaman köp ugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek bolsa, bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan bu ulgamda ähli ugurlar, şol sanda raýat awiasiýasynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär. Bu pudak soňky döwürde kuwwatly ösüşe eýe boldy: häzirkizaman howa menzilleri guruldy, olar iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýär, ýurdumyzyň howa gämileriniň üsti uçarlaryň iň täze nusgalary bilen doldurylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli awiasiýamyzy ösdürmek boýunça wezipeleri öňde goýmak bilen, işgärleriň – uçarmanlaryň hem-de hyzmat ediş gulluklarynyň hünärmenleriniň ýokary derejede taýýarlanylmagyny üýtgewsiz talap hökmünde öňe sürýär. Howa ýollary ulgamy iň okgunly ösdürilýän pudaklaryň hataryna girýär. Biz diňe bir döwür bilen aýakdaş gitmek bilen çäklenmän, käbir ugurlarda ondan öňe hem gitmelidiris – diňe bir tehniki enjamlaşdyrmakda ýokary talaplara kybap gelmek bilen çäklenmän, hünärmenleri taýýarlamakda hem öňdäki orunlary eýelemilidiris diýip milli liderimiz belleýär.

«Türkmenhowaýollary» agenliginiň howa gämileri içerki gatnawlardan başga-da, dünýä ýurtlarynyň onlarça şäherine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Uçuş ugurlarynyň sany yzygiderli artýar.

Türkmenistanyň howa menzilleri geografiýa taýdan ýerleşişi we ykdysady nukdaýnazardan hem üstaşyr gatnawlar üçin aýratyn amatly ýagdaýa eýedir, şunda uçarlar ýurdumyzyň çäginde gonanda olara degişli derejede tehniki hyzmat edilýär, munuň özi bolsa türkmen howa menzilleriniň ýurtlary we yklymlary birleşdirýän ulag geçelgeleriniň halkara ulgamynyň möhüm merkezleri hökmündäki ornuny şertlendirýär. 

Şu meselede Türkmenistan diňe bir sebitiň döwletleriniň ykdysady bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen çäklenmeýär. Ilki bilen has giň — yklymara ykdysady bähbitler üçin ýokary depginde ösýän öz ulag-üstaşyr gatnawlarynyň, şol sanda howa gatnawlarynyň mümkinçiliginden ugur alýar.

Ulag we kommunikasiýalar ýaly geljegi uly bolan ugurlarda işjeň halkara hyzmatdaşlygy dünýä ykdysadyýetiniň umumylaşýan häzirki şertlerinde goşulyşmagyň aýrylmaz bölegi bolup durýar, bu bolsa köpugurly hem-de howpsuz halkara ulag düzüminiň kemala getirilmegini talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamynda işleri kadalaşdyrýan halkara konwensiýalar boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär, howa gämileriniň hem-de howa menzilleriniň howpsuzlygy, uçarmanlaryň hem-de ýerüsti işgärleriň ýokary taýýarlykly düzümini kemala getirmek boýunça halkara talaplaryny berk berjaý edýär.

Bu babatda IKAO – Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy ýaly Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýan düzümler bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti uludyr.

Bu guramanyň hünärmenleri bilen howa menzillerini hem-de howa gämileriniň ugurlaryny dolandyrmagyň ähli ugurlary boýunça işler alnyp barylýar. Howa ýollarynda howpsuzlygyň düzgünlerini ulanmagyň öňdebaryjy dünýä tejribesi babatynda yzygiderli duşuşyklar we geňeşmeler geçirilýär, häzirkizaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Bu netijeli hem-de yzygiderli hyzmatdaşlyk öz netijesini berýär we bu ulgamda beýleki halkara düzümleri bilen gatnaşyklary işjeň ösdürmäge ýardam edýär, munuň özi üstünlikli ösüşiň hökmany şerti hökmünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyjydyr.

EACA – howa uçuşlarynda howpsuzlyk boýunça Ýewropa agentligi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Şeýle hem wekiliýetleri özara alyşmak yzygiderli häsiýete eýe boldy, Türkmenistanyň howa ýollary düzümleriniň wekilleri degişli guramalaryň iri forumlaryna gatnaşýarlar, şol guramalaryň bilermenleri türkmen howa ýollary boýunça ýerine ýetirilýän uçuşlaryň howpsuzlygy babatynda ýurdumyzda alnyp barylýan işlere, howa menzillerimiziň enjamlaşdyrylyş derejesine ýokary baha berýärler.

Bu giň gerimli hem-de yzygiderli geçirilýän çäreler hem Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny, raýat awiasiýasy ulgamynda beýleki döwletler hem-de halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygynyň subutnamasydyr.

Milli ykdysadyýetimiziň ulag-kommunikasiýa toplumynyň hil taýdan ösüşi, ýeten sepgitleri, şol sanda ýurdumyzyň howa ýollary ulgamynyň gazananlary onuň halkara logistika merkezi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirkizaman geosyýasy we geoykdysady ösüş meýilleriniň kemala gelmegine barha uly täsirini ýetirýär.

 

Image result for аэропорт туркменистана

 

 

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokarlanmagy bilen ýük daşamaklygyň göwrümi hem artýar. Geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdireniňde, 2016-njy ýylda ýük daşamaklygyň göwrümi 101,3% artdy. Häzirki wagtda Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta”, “Günbatar-Gündogar” geçirijiler boýunça demir ýol ýüklerini daşamaklygyň halkara transmilli merkezleriniň iň irisi bolup durýar.

Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 1400 km barabar bolan Şanhaý bilen Frankfurtyň arasynda gurlan Transaziýa-Ýewropa optiki süýümli geçiriji, radioreleý geçirijileri guruldy. Türkmenistanyň ilatly ýerleri durnukly aragatnaşyk bilen üpjün edildi.

Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň wajyp wezipelerine ilaty doly derejede azyk önümleri bilen üpjün etmek, gaýtadan işleýiş senagatyny çig mal bilen üpjün etmek, önümçiligi ýokarlandyrmak we täze hojalyk gatnaşyklary ýola goýmak we yzygiderli azyk howpsuzlygyny üpjün etmek girýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan özüni esasy azyk önümleri bilen doly üpjün edýär. 2011-nji ýylda Türkmenistan gallany eksport ediji ýurtlaryň hataryna girdi. Şol ýylda 217 müň tonna däne satuwa çykaryldy, onuň arasynda 150 müň tonna bugdaý, galany un görnüşinde çykaryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda täze döwrebap ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen, eksporta gönükdirilen dokma senagaty guruldy we öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 60 sany dokma toplumlary we kärhanalar işe girizildi. Bu bolsa ýurtda pagta süýümini öndürmegiň kuwwatyny 3%-den 55%-e çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda öndürilýän dokma önümleriniň 80% töweregi Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna, ABŞ-na, Kanada, Russiýa, Türkiýä, Wengriýa, Hytaýa, Baltika ýurtlaryna, Ukraina we beýleki ýurtlara ugradylýar.

Ykdysadyýetiň maliýe goýum görkezijileriniň ýokary derejede bolmagy Türkmenistanyň gurluşyk toplumynyň tiz depginler bilen ösmegine getirdi. Senagat, dynç alyş, medeni ugurlara gönükdirilen “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy ýaly uly göwrümli gurluşyk taslamalaryndan başga-da ýurduň içinde ýaşaýyş jaý gurluşyklary hem alnyp barylýar. 2020-nji ýyla çenli döwür üçin obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplary we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama amala aşyrylýar. Onuň esasy wezipeleri oba ilatynyň durmuşynyň ýokary derejesini, hemme ilatly ýerleriň deňagramly durmuş ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurtda ýokary ýeňillikli ýaşaýyş ipotekasy giň gerime eýe boldy.

 

 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy

 

2009-njy ýylyň iýunynda Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze binalaryň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan «Awaza» taslamasy geljekki onýyllyklar üçin ýurduň strategiki meýilnamasynda aýratyn orny tutýar, şonuň üçin ol dünýä arhitekturasynyň we inžener-tehniki pikirleriniň iň öňdebaryjy üstünliklerini, döredijilik ideýalary özünde jemlemäge mynasypdyr. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň bahasy 1,5 milliard ABŞ dollaryndan artdy.

Gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäginde 10-15 sany dünýä derejesindäki sanatoriýalar we myhmanhanalar ulanylmaga berildi. Dynç alyş we göwün açyş industriýasynyň – akwaparklaryň, ýaht we sport klublaryň, restoranlaryň, kempingleriň, dürli görnüşdäki attraksionlaryň we söwda merkezleriniň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda ýedi kilometrlik emeli derýa kurortyň bütin meýdanyny kesip geçýär. Bu gidrotehniki desganyň iki tarapynda hem abadanlaşdyrylan dynç alyş zolagy ýerleşer, bu ýerde baýdarkada, kanoeda sport bäsleşikleri we ýelkenli regata geçiriler.

Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara aeroporty ulanylmaga berildi, «Awaza» awtomobil ýoly çekmek, kuwwatly gazturbina elektrostansiýany, deňiz suwuny süýjediji desgasyny, arassalaýjy desgany gurmak, agyz-suw ulgamyny çekmek boýunça işler güýçli depginde alnyp baryldy. Deňiz menzili doly kämilleşdiriler, deňiz kruizy üçin täze teplohodlar, ýahtalar we beýleki gämiler bilen flotuň üsti ýetiriler. Türkmenbaşy şäheri Ýewropa bilen Günorta Aziýa döwletlerini gysga ýol boýunça birleşdirmek üçin gurulýan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň demir ýol merkezine öwrüler.

Syýahatçylyk zolagynyň çägi giňeldilip, onuň meýdany bäş müň gektara çenli artdyryldy. Bu taslamanyň üçünji tapgyrynda birnäçe kazinoly we dynç açyş merkezli özboluşly türkmen «Las Wegasy» peýda bolar.

Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýyş şertleri düýbünden özgerer. Köne şäher täze ýere göçüriler. Onuň ýanynda döwrebap ýokary şertli ýaşaýyş jaýlar bilen hem-de ähli zerur infrastruktura bilen üpjün edilen täze şäheriň gurluşygyna başlanylar

 

Image result for туркменистан аваза

 

Durmuş pudagy

 

Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçmeklik döwletiň ilaty durmuş taýdan goramak syýasatynyň çäginde amala aşyrylýar. Ýurtda düýpleýin durmuş özgertmeler syýasaty ilatyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilendir. “Döwlet – adam üçindir!” şygary Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy şygarydyr. Durmuş meselelerini çözmek maksady bilen häzirki wagtda ýüzlerçe hassahanalaryň, ýokary okuw jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport bilen meşgullanmaga niýetlenen döwrebap binalary gurulýar. Türkmenistanyň raýatynyň döwrebap mugt lukmançylyk hyzmatyna we bilime hukugy bardyr.

Türkmenistanyň mynasyp geljegi bardyr. Türkmenistanyň halky mugt esasynda elektroenergiýa, tebigy gaz, suw we nahar duzy bilen üpjün edilýär. Ilat üçin çörek, jemgyýetçilik ulagyndan, demir ýol we howa ulaglaryndan peýdalanmaga elýeterli bahadandyr.

Türkmenistanyň býujetiniň 70% gowuragy her ýyl durmuş zerurlyklaryna gönükdirilýändir. Türkmenistanda her ýyl aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary 10% ýokarlandyrylýar. Ýurduň ähli ilaty mugt görnüşde gaz, suw, duz, elektroenergiýadan peýdalanmaga hukugy bardyr. Bu ýeňillik 2030-njy ýyla çenli hereket eder. Türkmenistanyň ilaty üçin dünýä ölçeglerine laýyklykda ýaşaýyş-hyzmat we ulag hyzmatlaryna iň pes bahalary kesgitlenendir.

Türkmenistanyň 2007-nji ýylyň 1-nji iýulynda güýje giren “Durmuş üpjünçiligi hakyndaky” kodekse laýyklykda döwlet kömek pullarynyň we maýyplara durmuş kömekleriniň görnüşleri artdyryldy. Maýyplaryň kömek pullarynyň möçberi hem köpeldildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde maýyp we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi. Maýyp we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlary mugt paýlanylar. Çaga dogulanda, 3 ýaşa ýaşaýança oňa ideg etmek üçin berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi köpeldildi. Ekleýjiniň bolmadyk halatynda hem kömek pullaryny bermek göz öňünde tutuldy. Şeýle-de durmuşy kömek pullarynyň berilmegine bolan hukugy göz öňüne tutuldy.

 

 

Saglygy goraýyş

 

Türkmenistan milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesini berdi.

Ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýa, döwlet syýasatynyň saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan ilaty waksinalar we immunizasiýa bilen üpjün etmekligiň derejesi boýunça sebitde öňde baryjy orny eýeläp, immune profilaktika boýunça çäreleri geçirýän döwletleriň birinji hatarynda durýar. Türkmenistanda waksina sanjymlary tölegsiz geçirilýär. 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ilat üçin wajyp keseliň öňüni alyş çäreleriň biri bolan Hib-waksina sanjymy geçirilip başlandy.

Türkmenistan «Saglyk» maksatnamasyny tapgyrlaýyn amala aşyryp, ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça strategiýany durmuşa geçirip, keselleriň köp görnüşinden dolulygyna ýa-da bölekleýin azat boldy. Türkmenistan 2000-nji ýylda drakunkulýozy ýok edendigi üçin Bütin dünýä saglyk guramasynyň sertifikatyna mynasyp boldy, 2002-nji ýylda ýabany poliwirusyň Türkmenistanyň çäginde ýok edilendigi üçin sertifikata mynasyp boldy, bu bolsa poliomelitiň dolulygyna ýok edilendigine şaýatlyk edýär. Türkmenistan hemmeler tarapyndan kabul edilen halkara ölçeglerine laýyklykda, GDA we Merkezi Aziýa döwletleriniň içinde birinji we dünýäde dördünji bolup nahar duzuny ýodlaşdyrdy we adamzadyň wajyp meseleleriniň biri bolan – ýod ýetmezçiligi ýok edilen ýurt hökmünde ykrar edildi hem-de 2004-nji ýylda bu barada Bütin dünýä saglyk guramasynyň sertifikatyny aldy. Adam bedeninde demir ýetmezçiligi bilen bagly keselleriň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde azyk iýmitleri bolan uny we duzy demir bilen baýlaşdyrmak boýunça birnäçe uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Enäni we çagany goramak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň derejesine çykarylan saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm bölegidir. Ýurduň ähli künjeklerinde ýokary dereje enjamlaşdyrlan «Ene mähri» merkezleriniň döredilmegi, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we gan azlyk bilen göreşmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iri halkara guramalary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Bu we beýleki çäreler 1990-2008-nji ýyllar aralygynda bäbekleriň ölümini iki esse, eneleriň ölümini on esse azaltmaga mümkinçilik berdi.

Gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja ýaly kesellere garşy göreşmek ep-esli güýçlendirildi. Ýurtda inçe kesel bilen kesellänler gözegçilik etmekligiň taryhynda iň pes derejesi bellenildi. WIÇ infeksiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak we ýol bermezlik boýunça üstünlikli halkara hyzmatdaşlyk etmekligiň netijesinde Türkmenistan WIÇ infeksiýasynyň we SPID-iň ýaýramadyk az sanly döwletleriň hataryndadyr.

2016-njy ýylda saglygy goraýyş ulgamynyň täze binalary, ýagny Halkara newrologiýa  merkezi, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi, Morfologiýa merkezi, Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkezi ulanylmaga berildi.

2016-njy ýylda Türkmenistan gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi barada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň halkara güwänamasyna eýe boldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň öňüni alyş we bejeriş merkezlerinde elektron resminama dolanşygy ýola goýulýar.

 

Bilim

 

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.  Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň çäklerinde Türkmenistanda “Bilim hakyndaky” kanun kabul edildi.  Şoňa laýyklykda,  ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin bilim ulgamyna döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary girizilýär, orta we ýokary okuw mekdepleri kompýuter we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär we çagalar baglary, orta we ýokary okuw jaýlary gurmakda uly işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan hem-de tassyklanylan ylym pudagyny ösdürmegiň maksatnamalaýyn binýadyny 2011–2030-njy ýyllar üçin durmuş ykdysady ösüşiniň Milli  Maksatnamasy, 2015–2020-nji ýyllar üçin innowasiýa işini ösdürmegiň maksatnamasy, Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasy we beýlekiler bolup durýar.

2016-njy ýylda bilim edaralarynyň 35-si - 9540 orunlyk 17 sany orta mekdep, 2970 orunlyk 16 sany çagalar bagy, 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç-alyş merkezleri, Oguzhan adyndaky uniwersiteti ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda täze hünärleriň 19-sy açyldy, ýokary okuw jaýlaryna 7256 talyp, orta hünär okuw jaýlaryna 8385 talyp kabul edildi. Hökümetara ylalaşyklara laýyklykda türkmen ýaşlarynyň 173-si daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna iberildi.

 

Ylym

 

Ylym — jemgyýetiň hereketlendiriji güýji

 

Milli Liderimiziň düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän täzeçillikli syýasaty netijesinde möhüm ylmy-tehnologik işläp taýýarlamalaryň hil taýdan täze ugurlaryny döretmek boýunça üstünlikli işler alnyp barylýar, adam maýasyny kemala getirmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar ulgamyna çekmek üçin zerur işler durmuşa geçirilýär.

Alymlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyndan ugur alyp, düýpli ylmy-amaly barlaglary geçirýärler, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmäge, halk hojalyk toplumynyň kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýän täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýarlar.

Häzirki döwürde özleriniň halypalary bilen bir hatarda, ýaş alymlar hem ylmy-barlag, taslama işlerini geçirýärler. Şol işleriň esasy ugurlary bolsa nanoserişdeler, himiýa, biologik we maglumat tehnologiýalary, mehatronika hem-de robototehnika, innowatika bilen baglanyşyklydyr.

Düýpli, amaly, nazaryýet işläp taýýarlamalar Türkmenistanyň halkara ylmy giňişligindäki abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär.

Halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin giň gözýetimli, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üstünlikli we netijeli durmuşa geçirilýän ylmy-tehniki syýasatyň esasy maksadydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, aspiranturalarda hem-de doktoranturalarda öňdebaryjy ylmy we tehnologik gazananlary özleşdirýän hünärmenler taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan ýaş nesli ylym we döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda-da netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Taryh we arheologiýa ugurlary çuňlaşdyrylyp öwrenilýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gözleg-agtaryş işlerine gatnaşýarlar. Olar üçin alymlar bilen duşuşyklar, söhbetdeşlikler, ylmy-amaly maslahatlar guralýar.

Aspirantlar, doktorantlar, ýaş alymlar we hünärmenler üçin okuw maslahatlary geçirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyrmak, gözýetimini giňeltmek, hünär derejesini kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalary özleşdirmek maksady bilen, olar üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezlerinde hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar geçirilýär.

Ýurdumyzyň alymlary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesinden, ylym ulgamyndaky döredijilikli işinden, energetika, ulag-üstaşyr, suw ulgamlaryndaky oňyn başlangyçlaryndan ruhlanyp, ylmy-barlag institutlarynda netijeli zähmet çekýärler. Şolaryň maddy-enjamlaýyn binýady dünýä derejesine doly laýyk gelýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ylmy kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagyny tutuş dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Şu ulgamda abraýly guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyk halkara we döwletara ylalaşyklaryň, bilelikdäki ylmy taslamalaryň esasynda pugtalandyrylýar.

Şu ýylyň 12-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi bilen bolan duşuşygynyň barşynda ylym-tehnika ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň täze tapgyry kesgitlenildi. Şu maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan beýan edilen möhüm çözgütler ýurdumyzyň ylmynyň kuwwatyny artdyrmaga we innowasion ösüşde onuň ornuny pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatda eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanda Garaşsyz döwletimiziň okgunly ösüşini üpjün etmäge, dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar.

Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylym ulgamynyň düzümi, dolandyrylyşy hem-de hukuk binýady döwrebaplaşdyrylýar, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny özleşdirmäge, täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Döwrebap bilimleri we ylymlary düýpli özleşdirmäge ukyply ýokary hünärli inženerleri hem-de zehinli alymlary taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilýär, şunuň bilen birlikde, şu ulgamda iri halkara guramalary, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

«Dünýäniň ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişdedir, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak meseleleri uly ähmiýete eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol maslahatyň barşynda gol çeken Kararlary hem şuňa gönükdirilendir. Hususan-da, milli Liderimiz Türkmenistanyň ylmy kuwwatyny ösdürmek, ýurdumyzda ylmyň ösüşine innowasion häsiýet bermek, alymlaryň oýlap tapan täzeliklerini eziz Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirmek, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilige we bilim ulgamyna ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hakyndaky» Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylmaly meýilnamalaýyn ylmy-barlag işleriniň maksatnamalarynda we meýilnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi hem-de ylmy-barlaglaryň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösüşini gazanmak, ylmy maslahatlaryň, ylmy saparlaryň, ylmy oýlap tapyşlaryň hem-de bilelikdäki halkara ylmy taslamalaryň maliýeleşdirilişini kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Watanymyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylmy işgärleri ýokary derejede taýýarlamagy döwlet tarapyndan giňden goldamak maksady bilen, Ylymlar akademiýasyna 35 million manat möçberde pul serişdesini bölüp bermek barada karara gelendigini belläp, «Türkmenistanyň ylym ulgamyny ösdürmegi maliýe taýdan goldamak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine önümçilige ylmy-tejribe işläp taýýarlamalary ornaşdyrýan edaralar, kärhanalar we guramalar üçin degişli ýeňillikleri göz öňünde tutýan ykdysady höweslendiriş çärelerini işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, organiki we organiki däl maddalary, minerallary, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň usullaryny düýpli öwrenmäge, ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň esasynda gurluşyk, senagat, dokmaçylyk we durmuş maksatly täze materiallary döretmäge, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidir.

2010-njy ýylyň 14-nji maýynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda bilim hem-de ylym ulgamlaryny, şol sanda akademiki, ýokary, orta hünär we umumybilim berýän mekdepleri özgertmek ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde yglan edildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin 16 milliard amerikan dollaryna golaý serişde goýberildi. Häzirki zaman tehnikalary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan 623 desga guruldy. Bu desgalaryň hatarynda çagalar baglary, mekdepler, kollejler, institutlar we uniwersitetler, şol sanda häzirki zaman Tehnologiýalar merkezi bar.

Ylym ulgamynda hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän özgertmeleriň çäklerinde, ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli berkitdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ylmyň esasy ugurlary we wezipeleri kesgitlenildi. Degişli kadalaşdyryjy namalar, ýörite Maksatnama we Düzgünnama tassyklanyldy, «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakyndaky» Kanun kabul edildi.

Düýpli ylymlary ösdürmek, alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaşlary ylmy işe çekmek ýaly möhüm wezipeler «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapdy. Aşgabat şäherinde Tehnologiýalar merkeziniň gurulmagy senagat-innowasiýa hem-de maglumat-tehnologiýalar babatda ylmy barlaglary geçirmäge şert döretdi.

Oba hojalygynyň, lukmançylyk ulgamynyň, derman we azyk senagatynyň, molekulýar biologiýanyň, genetikanyň, bioinženerçiligiň, biolukmançylygyň ösdürilmegi hem ykdysadyýet üçin örän wajypdyr. Hususan-da, munuň özi oba hojalyk ekinleriniň, mallaryň seçgisini geçirmäge, biotehnologiýanyň häzirki zaman usullaryny ulanyp, täze we garyşyk sortlary döretmäge, dürli azyk önümlerini hem-de derman serişdelerini öndürmegi ýola goýmaga degişlidir.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetiki gaznasyny döretmegiň, şol sanda bu işi «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde alyp barmagyň hem-de milli emeli hemranyň kuwwatyndan peýdalanmagyň, döwrebap ulag-logistika merkezlerini döretmegiň, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň syýasy we ykdysady ähmiýetini ylmy taýdan esaslandyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýurdumyzyň ylmynyň täze ugruna degişlidir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär, hemme ýerde döwrebap kompýuter ulgamlary we aragatnaşyk serişdeleri, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar.

Şeýlelikde, türkmen alymlarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi. Esasysy bolsa, olaryň ylmy taslamalary anyk netijeler getirmelidir. Hususan-da, ykdysadyýetde bu ulgama goýlan serişdeleriň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biri ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň umumy möçberinde ylmy-tehniki önümleriň paýynyň artmagyndan ybaratdyr.

Şu nukdaýnazardan, teklipleri hem-de ylmy barlaglary ornaşdyrmakdan alnan netijeleri seljermek, ylmy-barlag guramalarynda hem-de kärhanalarda amala aşyrylan taslamalaryň seljermesini geçirmek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, bu wezipe ýokarda agzalan pudagara toparynyň üstüne ýüklenildi.

Şondan öňräk ylmyň, bilimiň hem-de önümçiligiň ýakynlaşmagyny güýçlendirmek üçin anyk çäreleriň görlendigini, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we degişli ýokary okuw mekdepleriniň garamagyna berlen institutlaryň birnäçesiniň işini üýtgedip guramak boýunça degişli işleriň ýerine ýetirilendigini ýatlamalydyrys. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen ylmy ösdürmek baradaky gazna möhüm orun degişlidir.

Türkmen akademiki ylmy birnäçe wajyp barlaglary we işläp taýýarlamalary amala aşyrdy. Şolaryň hatarynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň zeýkeş suw ulgamlarynyň gidrohimiki barlaglary bar. Şolaryň esasynda suwarymly ýerlerde ekerançylygy, maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolan ekologiýa kartalary düzüldi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maý aýynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda bu ýerde täze nusgadaky durmuş-önümçilik toplumynyň düýbi tutuldy.

Garagumda gurlan täsin gidrotehniki desga hakyky innowasion taslamadyr. Ol Merkezi Aziýanyň we goňşy sebitleriň suw serişdelerini aýawly saklamak hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleri çözmäge ýurdumyzyň saldamly goşant goşýandygyny subut edýär.

Türkmenistanda innowasion işi ösdürmek maksatnamasyna laýyklykda, Hazar deňziniň daşky gurşawyny hem-de biologik köpdürlüligini goramak, tektoniki, seýsmiki ýagdaýyny öwrenmek boýunça netijeli ylmy barlaglar geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň günbatar sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşiniň meýilnamalary hem-de uglewodorod we beýleki tebigy serişdelerini özleşdirmek, ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, bu ýerde iri himiýa, nebiti hem-de gazy gaýtadan işleýän kärhanalary, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şypahana desgalaryny gurmak nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir.

Ylymlar akademiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisi hem-de degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, ýurdumyzyň ýokary seýsmiki howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmak baradaky maksatnamanyň işlenip taýýarlanylýandygyny bellemelidiris. Bu ulgamda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de beýleki abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlykda birnäçe taslamalar amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Garabogazyň mineral baýlyklaryny toplumlaýyn özleşdirmegiň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp taýýarladylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça ýerine ýetirilen taslamada «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginiň binýadynda täze kärhanalaryň üçüsini – suwsuz natriý sulfatyny, magniý sulfatyny (epsomiti) hem-de magniý hloridini (bişofiti) öndürýän kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar. Türkmenabadyň himiýa zawodynyň buýurmasy boýunça Magdanly-Köýtendag dag-magdan sebitiniň «Durnaly» fosfolit känini özleşdirmek üçin tehniki şertler taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň alymlarynyň «intellektual önümleriniň» — barlaglarynyň, ylmy açyşlarynyň hem-de ygtyýarnama alnan oýlap tapyjylyk teklipleriniň sanawy örän giňdir. Şolaryň hatarynda ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini öndürmegiň usullaryny işläp taýýarlamak, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşleri, Garagumuň çägelerini berkitmegiň usullary bar.

Şeýle hem şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň esasynda döredilen derman serişdelerini we dürli ulgamlarda hem-de pudaklarda iş ýüzünde ulanylýan beýleki köp zatlary görkezmek bolar.

Türkmenistanyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek, şol sanda dil öwreniş, etnografiýa, arheologiýa, halkymyzyň baý ruhy mirasyny hem-de ýurdumyzyň täsin tebigy gymmatlyklaryny aýawly saklamak ulgamynda uly işler ýerine ýetirilýär.

Soňky ýyllarda türkmen alymlarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň çägi ep-esli giňeldildi, dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleri, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Hytaýyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ylmy merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy. Aşgabatda yzygiderli geçirilýän halkara ylmy forumlar hem ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň işewürleri hem milli Liderimiz tarapyndan döredilen amatly şertlerden netijeli peýdalanýarlar. Häzirki wagtda işewürlerimiz önümçiligiň we marketingiň ösen tehnologiýalaryny giňden özleşdirmek bilen, halkara derejesine çykýarlar. Türkmen önüm öndürijileri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe gitmek üçin öz öndürýän önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, munuň üçin bolsa işewürlige innowasiýalary ornaşdyrmagyň zerur bolup durýandygy barada aýdan sözlerini hereket etmek üçin gollanma hökmünde kabul edýärler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi geljegi uly ylmy pikirleri durmuşa geçirmek üçin badalga meýdançasyna öwrüldi. Şol ýerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen göni gatnaşyklar ýola goýuldy.

Şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzdaky ilkinji hususy mikrobiologiýa barlaghanasy açyldy. Onda azyk önümleriniň howpsuzlygyny we halkara ölçegleri boýunça ygtyýarlylandyrylmagyny üpjün etmek üçin şolaryň garaşsyz barlaglary geçirilýär. Barlaghana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy boýunça USAID-niň Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek baradaky taslamasynyň goldaw bermeginde «Hil Standart» jemgyýetçilik hojalygy tarapyndan döredildi.

Bu taslama köp görkezijiler babatda örän ähmiýetlidir. Ol döwletimiz we jemgyýetimiz üçin peýdaly hususy başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmegiň, telekeçiligiň standartlaşdyrmagyň we ygtyýarlylandyrmagyň milli ulgamyny ösdürmek, olaryň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary döwletlere iberilýän mukdaryny artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşmagynyň, goşmaça maýa serişdelerini çekmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň aýdyň mysaly bolup biler.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmy işläp taýýarlamalaryň üstünlikli ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň has-da artdyrylmagy Türkmenistanyň ylmyny dünýä derejesine çykarmaga ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Ýurdumyz iki gezek — ilki bilen, 2014-nji — 2016-njy ýyllar, soňra bolsa, 2017 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň ösüş maksatlarynda ylym we tehnika baradaky komissiýasynyň düzümine saýlanyldy. Munuň özi Türkmenistanyň bu ulgamdaky halkara abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we innowasion-tehnologiýalar babatda dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrülýändiginiň hem-de ählumumy ylym giňişligine üstünlikli goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Sport

 

Türkmenistanyň syýasatynda sportuň ösmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Aşgabatda we welaýat merkezlerinde sportuň dürli görnüşleri üçin ähli amatlyklary bolan sport desgalary guruldy we gurulmagy göz öňünde tutulýar. Daşoguz, Mary we Balkan welaýatlarynda şu günki günüň talaplaryna laýyk gelýän agyr atletika mekdepleri, paýtagtda bolsa häzirki zaman küşt-şaşka mekdebi guruldy. Welaýat merkezlerinde we Aşgabatda ýeňil atletika we welosiped sporty üçin desgalar hem gurular.

Tälimçileriň kämilleşmegi üçin daşary ýurt sport merkezlerinde taýýarlanmaklary ýola goýulýar, şeýle hem dünýä belli tälimçileri çagyrylyp we olar bilen şertnama baglaşylýar. Milletiň Lideri bu meselede ökde hünärmenler we ökde türgenler şertnama esasynda işläp bilerler diýip nygtap geçýär.

Ýaş nesli we janköýerleri sport ýaryşlaryna gyzyklandyrmak üçin ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary ulanylýar.

Bedenterbiýäni ösdürmek, ilaty sporta we dynç almaga gyzyklandyrmak barada wagyz-nesihat işlerini giňden ýaýratmak Sport baradaky komitetiniň möhüm wezipeleriniň biridir. Hökümet Baştutany bu ugurda döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan sport desgalaryny işjeň işletmelidir diýip tabşyryk berdi. 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça ýurdumyzda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlanmak we türkmen türgenleriniň baýrakly orunlary almaklary baradaky meselä uly üns berilýär. Aşgabadyň Merkezi Aziýada bu Oýunlaryň birinji bolup geçirilmegine hukuk gazanandygyny belläp geçmelidiris.

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda Olimpiýa şäherjiginiň düýbi tutuldy. Bu köpugurly topluma 30-dan gowrak sport desgalary we şol sanda maýyplaryň sport toplumy we saglyk merkezi girýändir.

Bulardan başga-da, Aziýa boýunça Olimpiýa geňeşiniň çözgüdine görä, ýapyk binalarda sportuň Olimpiýa oýunlaryna degişli bolmadyk sportuň görnüşleri boýunça hem ýaryşlar geçiriler. Şeýle hem sportuň kibersport, ekstremal görnüşleri, aerobika, ýapyk binalarda geçirmäge laýyk bolan ýeňil atletikanyň görnüşleri boýunça, sport tanslary, ýapyk binalardaky futbol (futzal), hokkeý, ýüzmek, billiard, bouling, küşt we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Anyk aýdylanda bolsa, oýunlaryň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça dünýäniň Aziýa sebitlerinden 45 döwletiň şeýle-de Awstraliýa we Okeaniýa döwletlerinden 17-den gatnaşarlar.

2016-njy ýylda halkara synag ýaryşlarynyň 6-sy geçirildi: 26­­-30-njy maý aralygynda Sambo boýunça Aziýa çempionaty; 25-30-njy iýuny aralygynda Türkmen milli göreşi we Guşakly göreş boýunça Aziýa çempionaty; 16-25-nji sentýabrda tennis boýunça halkara ýaryşy; 23-26-njy sentýabrda ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşy; 4-7-nji noýabrda basketbol(3x3) boýunça halkara ýaryşy; 7-12-nji dekabrda Jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionaty geçirildi.

 

 

Medeniýet

 

Medeniýet Ministrliginiň esasy işi Türkmenistanyň medeniýetini ösdürmek, medeniýet pudagynyň amatly şertlerini sazlamak, milletiň arasynda şahslary ruhy we medeni taýdan durmuşa geçirmek bolup durýar. Döwletiň medeniýet babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmek, ilkinji nobatda, dürli çäreleri halkara derejesinde geçirmekden ybaratdyr.

Türkmenistanda yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli medeni mirasy giňden wagyz etmäge we mundan beýläk-de öwrenmäge gönükdirilen giň möçberli çäreler ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirildi. Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda 2016-njy ýylda Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet günleri Belarus Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda, Rumyniýada, Russiýa Federasiýasynda, Saud Arabystanda, Özbegistan Respublikasynda geçirildi. Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi.

Medeniýet hyzmatlarynyň hilini giňeltmek we ösdürmek üçin, ilaty kämilleşdirmek, döredijilik toparlarynyň repertuaryny täzelemek, muzeý we kitaphana gaznalaryny, medeniýet ulgamlarynyň işlerini sazlamak ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu günki günde ýurtda 10 sany döwlet teatry, 36 sany döwlet muzeýi hereket edýär.

Hususan-da, bu ulgamlaryň işiniň has-da täsirliligi, olaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esasan hem sebit derejesindäki wajyplygy üçin guramaçylyk-usulyýet kömegini bermekde ýörite topar döredildi. Şol topar welaýatlarda, medeni işlerini seljerilýän esasy ýerlerde iş saparlaryny alyp barýarlar, şol ulgamlaryň işgärleri bilen seminarlary guraýarlar, maslahat kömeklerini berýärler.

 

 

Syýahatçylyk

 

Sosial syýasatyň wajyp ugurlarynyň biri syýahatçylyk bolup durýar. Ýurduň syýahatçylyk senagatynyň iň bir girdejili ugry hökmünde halkara syýahatçylygynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky Döwlet komitetiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Daşary ýurtly syýahatçylarynyň sanyny artdyrmak üçin täze syýahatçylyk ugurlary açylar, şeýle hem ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri amala aşyrylar.

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň tejribesinde ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar üçin 200 golaý syýahatçylyk ugurlary bar. Häzirki wagtda täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak we olara bar bolan desgalary goşmak boýunça işler alnyp barylýar. Olara hususan hem, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Köýtendag etrabynyň, Garagum çölüniň, Sumbar jülgesiniň ýadygärlikleri degişli bolup durýar.

Şu günki günde taryhy-binagärçilik ähmiýeti bolan gadymy taryhy ýadygärlikleri – Köneürgenç, Gadymy Merw we Nusaý – UNESCO-niň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Olaryň her biriniň ägirt uly medeni we ylmy ähmiýeti bar we olaryň ählisine daşary ýurtly syýahatçylar tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär. Geljekde Köýtendagyň tebigatynyň ajaýyp künjeklerini we goraghananyň beýleki tebigy ýadygärliklerini UNESCO-niň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça degişli işler geçirilýär.Şunuň bilen baglylykda, Köýtendagyň täsin tebigy künjeklerini abadanlaşdyrmak boýunça we syýahatçylar üçin oňaýly şertleri döretmek üçin myhmanhanalaryň we beýleki üpjünçilik ulgamlaryň gurluşygy boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndaky ýazgylaryna birnäçe gezek mynasyp boldy. Hususan hem, döwletimiz ilkinji gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndaky ýazgysyna 301 inedördül metr meýdany bolan dünýädäki iň uly el halysy üçin mynasyp boldy. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat dünýäniň iň ak mermer şäheri diýip ykrar edildi. Türkmen paýtagtynyň beýleki ýadygärlikleri– dünýäde iň beýik hasaplanýan Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň öňündäki döwlet baýdagynyň sütüni, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň girişinde ýerleşýän «Oguz han» suw çüwdürimleri toplumy, «Türkmenistan» Teleradiomerkeziniň Oguz han ýyldyzy äpetligi we «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýapyk görnüşli syn ediş çarhy bilen dünýäniň rekordlarynyň sanawyna girdi.

 

Image result for turkmenistan turizm