DÜZGÜNNAMA

KOMMERSIÝA DEGIŞLI BOLMADYK HYZMATDAŞLYK

“BOLGAR-TÜRKMENISTAN SÖWDA-SENAGAT PALATASY” / BTSSP

I.                    UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda

/1/ „Bolgar-Türkmenistan söwda-senagat palata” hyzmatdaşlygy  - özbaşdak, kommersiýa we hökümete degişli bolmadyk gurama bolup, özüniň ähli agzalarynyň, Türkmenistanyň we Bolgariýanyň telekeçileriniň höweslerini goramak maksady bilen, şeýle hem bolgar we türkmen söwda we senagat pudaklaryny ýerli we daşary ýurt söwda bazarlarynda ösdürmek maksady bilen döredildi.

/2/ Hyzmatdaşlygyň ady türkmen dilinde: „Bolgar-Türkmenistan söwda-senagat palata” gysgaça /BTSSP/,  rus dilinde: „Болгаро-Туркменистанская торгово- промышленная палата”gysgaça /БТТПП/we iňlis dilinde: “Bulgarian-Turkmenistan chamber of commerce and industry”gysgaça /BTCCI/. Şu düzgünnamanyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ady türkmen dilinde gysgaça BTSSP ýa-da „Palata” diýlip ulanylar.

 /3/ BTSSP –nyň Bolgariýadaky salgysy: Sofiýa şäheri, köç.Trakiýa №15. BTSSP Bolgariýada hasaba alnandan soňra, Türkmenistan döwletiniň söwda kanunlaryna laýyklykda, BTSSP Aşgabat şäherinde öz wekilhanasyny açmak barada işler alyp barýar.

 /4/ BTSSP kesgitlenmedik möhlet bilen hasaba alyndy.

 

/5/BTSSP hususyçylyk bähbitli işler üçin döredilýär.

 

/6/ Alyp barýan işleri boýunça, Palata Döwlet Kanunlarynyň esasynda şeýle hem söwda işlerinde akýüreklilik we şu düzgünnama esasynda hereket eder.

 

 II. MAKSATLAR

 

2-nji madda

 

/1/ BTSSP - Bolgar-türkmen telekeçilik jemgyýeti bolup, onuň alyp barýan işleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

 

 Iki tarapyň öndürijilerine we guramaçylaryna ykdysady aragatnaşyklar, içeri we daşary söwda bazarlary barada maglumat alyş-çalyşmalaryny ýerine ýetirmek üçin we alyjynyň höweslerini goramak üçin ýardam;

 

/2/ Palatanyň esasy maksatlary:

1.      Türkmenistanyň we Bolgariýanyň ykdysady aragatnaşyklarynyň ösmegine ýardam etmek;

2.      BTSSP –nyň agzalarynyň ykdysady höweslerini döwlet edaralarynyň öňünde hem-de üçünji ýurtlarda goramak.

3.      Iki döwletiň ykdysady subýektleriniň dünýa bazaryna üstünlikli goşulmagy üçin döwletara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini höweslendirmek we goldamak.

 

/3/ Maksatlary durmuşa geçirmek üçin Palata daşky hünärmenleri özüne çekip, toparlary döredip we höweslere görä bölümleri döredip biler: Senagat, Söwda, Syýahatçylyk, Hyzmatlar.

 

3-nji madda

 

Palata maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin serişdeler:

1. BTSSP agzalarynyň agzybir ylalaşygy netijesinde saýlanan doly ygtyýarly döwlet edaralarynyň öňünde, çalt depginde ösýän bazar şertlerine görä kadalaşdyryjy delilnamalaryň taslamalaryny we ykdysadyýet pudagynda alnyp barylýan işleriniň tanyşdyrmalaryny görkezmek.

2. Döwlet edaralarynyň syýasaty barada, ýerli we etrap häkimiyetiniň tajirçilik düzgünleri barada we maýa goýum ýagdaýlary barada doly ygtyýarly guramalar bilen ylalaşygy işläp düzmek we ylalaşyga gelmek;

3. Ýurduň we daşary ýurtlaryň salgyt we gümrük gulluk hünärmenleri, täjirçilik, pul kanun çykaryjylyk hünärmenleri  bilen hyzmatdaşlyk döretmek we şol aragatnaşyklary ýüze çykýan çolaşyk işleri çözmek üçin ulanmak;

4. Türkmenistanyň we Bolgariýanyň täjirçilik ösüşi bilen gyzyklanýan guramalaryň meýletin bellige alynmagyny goldamak we täzelemek;

5. Hususy we halkara maglumat ulgamyny, berlen guramalaryň bazalaryny, marketing, ýuridiki, täjirçilik we başga maglumatlaryň ulgamyny düzmek we ulanmak;

6. Türkmenistan we Bolgariýa tarapyndan berlen taslamalara täjirçilik baradaky häzirki zaman maglumatlary ýetirmek, şeýle hem Bolgariýada we Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýum şertleri barada maglumatlary ýetirmek üçin hemaýat bermek;

7. Kanuny düzgünler barada, iki ýurtlardaky ygtyýarlandyrma düzgünleri barada, şol düzgünler bilen bagly kadalar barada, şeýle hem jogapkärçilik çekýän doly ygtyýarly döwlet edaralary barada guramaçylara we öndürijilere maglumat ýetirmek;

8. Ýöriteleşdirilen we beýleki eksport-isleg sergilerini Türkmenistanda, Bolgariýada, şeýle hem  isleg bildirýän beýleki gatnaşyjy döwletlerde we guramalarda gurnamak we alyp barmak;

9. Halkara sergilerine bilelikde gatnaşmak bilen we ýörite çapdan çykarmalar üsti bilen  BTSSP-nyň alyp barýan işlerini halka ýaýratmak

10. Ýewropa Kanunlaryna, ýerli we halkara ýuridiki düzgünlerine deň gelýän salgyt, kanuny, pul birligi we maliýe baradaky BTSSP agzalarynyň soraglaryna jogap we maslahat bermek;

11.   Guramaçylykda, täjirçilik infrastrukturasynda, maýa goýumda, ykdysady ösüş we beýleki pudaklarda taslamalary işläp düzmek we dolandyrmak;

12. Çekeleşikleri we dawalary meýletin çözmek üçin ylalaşdyryjy arbitražyny we ylalaşdyryjy tertip düzgünleri gurnamak;

 

4-nji madda

 

 Öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin Palata şu aşakdaky ykdysady işleri alyp barar:

 

1. Konsultasiýa;

2. Hyzmatlar;

3. Bilim bermek;

4. Täjirçilige girmek;

5. Fond dolandyrmak;

we beýleki kanuny işler.

 

III. MALIÝELEŞDIRME WE EMLÄK

 

5-nji madda

 /1/ Palatanyň emlägi hususyçylyk hukuklaryndan we beýleki gozgalýan we gozgalmaýan emläk hukuklaryndan, agzalaryň emläk wznoslaryndan, girdeji we beýleki kadalaşdyrylan düzgünlerden we hukuklaryndan ybaratdyr.

 /2/ Palata üpjün edilýär:

1.      Umumy ýygnak arkaly kesgitlenýän Palatanyň agzalyk wznosy bilen;

2.      Hususy ýa-da özbaşdak taslamalary amala aşyrmak üçin muzdsuz serişdeler, ýetirilýän fondlar we maksatnamalar;

3.       Täjirçilik işlerinden ýetirlen girdejiler;

4.      Ýetirilen hyzmatlara tölenen girdejiler;

5.      Göterim möçberler we paý peýdalar (diwidendler)

6.      Peşgeş

 

/3/ Goşmaça ykdysady işlerinden gelen, Palatanyň esasy işleri bilen bagly bolan girdejiler, şu düzgünnamada bellenen maksatlar üçin ulanylar.

/4/Ýerli we daşary ýurtly taraplar Palata bagyşlanan peşgeş we wesýet berip bilerler. Wesýeti ýa-da peşgeşi kabul etmek karary dolandyryş Geňeşi tarapyndan kesgitlener. Ýörite fond, ýa-da maliýeleşdirilen programma peşgeş berilen mahalynda, beriji ýa ýerine ýetiriji fondyň ýa-da programmanyň adyny kesgitlemäge hukuklydyr.

 

6-njy madda

Palatanyň maliýeleşdirilen işleri ýyllyk býujetiniň esasynda amala aşyrylýar.

 

7-nji madda

Palatada kesgitli programmany maliýeleşdirmek üçin belli bir maksatly fondlar döredilip bilner.

 

8-nji madda

Palata özüne degişli bolan emläge jogapkärçilik çekýär. Palatanyň agzalarynyň ýa-da beýleki jemgyýetleriň agzalarynyň borçlaryna Palata jogapkärçilik çekmeýär. Palata agzalary emläk  wznoslaryna göra, Palatanyň borçlary üçin jogapkärçilik çekýärler. Palatanyň borçlary üçin agzalar hususy jogapkärçilik çekmeýärler.

 

9-njy madda

Palatanyň emlägi Palatanyň alyp barýan esasy işlerinden başga maksatlar üçin ulanylmaýar.

 

10-njy madda

Palatanyň býujet kadalaryna laýyklykda, býujet  her ýylyň Ýanwar aýynyň 1-nde başlaýar we Dekabr aýynyň 31-inde tamamlaýar. Palatanyň ähli girdejileri we çykdajylary geljekki ýyl üçin bir ýyl öňünden taýýarlanýar.

 

 

 

 

 

IV. PALATA AGZALARY

AGZALYK

 

11-njimadda

/1/ Palatada agzalyk meýletindir.

/2/ Düzümi boýunça BTSSP paýlaşylan palatadyr. Onda iki tarapyň ykdysadyýetine dahylly

bolgar we türkmen ýuridiki we fiziki taraplary, şeýle hem köp milletlerden düzülen guramalary  gatnaşyp bilerler.

/3/ Döwlet guramalary, syýasy partiýalar, toparlar we dini guramalar Palatanyň agzasy bolup bilmeýär.

 

12-nji madda

 /1/ Palatanyň agzalygyna kabul edilmek üçin dalaşgär palatamyzyň dolandyryş geňeşliginiň adyna ýazylan, palatanyň düzgünnamalary, maksatlary we kadalary bilen razylaşýandygyny yglan edyän arza bilen yüz tutýar.Dolandyryş geňeşligi karar berenden soňra we agzalyk wznosy tölenenden soňra arzaçy agzalyga kabul ediler.

/2/ Eger-de arza kabul edilenden soňra ýa-da ret edilenden soňra arzaçynyň garşylyk bildirmek islegi ýüze çyksa, dolandyryş geňeşliginiň umumy maslahatyndan öň ýanynda 30 günüň dowamynda dawa edip biler, emma dolandyryş geňeşliginiň kararyndan soňra 1 ýyldan gijä galmaly däldir.

/3/ Ýuridiki tarap özüniň agzalyk hukuklaryny Palatanyň ygtyýarlandyrylan wekiliniň üsti bilen öwrenip biler.

 

AGZALARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

13-nji madda

 

Palatanyň adaty we hormatlanýan agzalary şu aşakdakylara hukuklydyr:

1. Hut özi ýa-da onuň wekili Umumy Ýygnaga gatnaşmaga, söwda-senagat, oba-hojalyk we ş.m. bilen bagly meseleleri çözmek işlerine we geleşiklere gatnaşmaga hukuklydyr;

2. Umumy ýygnakda geçirilýän saýlowlarda we ses bermelerde, hut öziniň ýa-da onuň wekiliniň bir gezek ses bermek hukugy bardyr;

3. Palatanyň dolandyryş ýa-da kontrollyk agzalygyna çenli göterilmäge;

4.Palatanyň hususyýetinden, onuň mugt ýa-da inderimli hyzmatlaryndan we hususyýetinden peýdalanmaga haklydyr;

5. Palatanyň işeňňir alyp barýan işlerine gatnaşmaga;

6. Palatanyň alyp barýan işleri barada maglumat almaga;

7. Olaryň höweslerini goldaýan meseleleri çözmek baradaky geleşiklere gatnaşmaga;

8.Gerek bolan mahalynda, öz resminamalarynda Palatada bolan agzalygyny görkezmäge;

 

14-nji madda

Palatanyň agzasy borçly:

1.      Palatanyň ýolbaşçylyk agzalary tarapyndan kabul edilen kararlary we düzgünnamada goýlan şertleri ýerine ýetirmäge;

2.      Palatanyň öňde goýan maksatlaryny durmuşa geçirmek işlerinde işeňňir gatnaşmaga;

3.      Öz guramasynyň alyp barýan işleri barada Palata gerekli bolan maglumatyny ýetirmäge;

4.      Agzalyk wznoslaryny öz wagtynda, yzygiderli tölemäge;

5.      Palatanyň jemgyýetçilik abraýyny götermek üçin işeňňir gatnaşmaga;

6.      Söwda düzgünleriniň ahlak kadalaryny ýerine ýetirmäge;

 

15-nji madda

 Agzalyk hukuklary ygtyýarlyga geçirilmeýär we agzalyk bes edilenden soňra, ýa-da ýüze çykan ölüm-ýitim ýagdaýynda, agzalyk başga tarapa geçirilmeýär. Agzalyk hukuklary bilen bagly, başga tarapa geçirilmeler diňe notarius tassyklanan Ynanç haty üsti bilen mümkindir.

 

AGZALYGYŇ BES EDILMEGI

 

16-njy madda

 /1/ Dolandyryş Geňeşiniň karary esasynda, agzalyk şu aşakdaky ýagdaýlarda bes edilip bilner:

1.      Agzalygyň bes edilmegi barada haýyş edilip ýazylan, Dolandyryş Geňeşiniň adyna arza esasynda;

2.      Kanuny eýeçiligiň ýapylmagy;

3.      Ölüm ýa-da fiziki tarapyň doly gadagan edilmegi;

4.      Agzalyk wznosynyň Ýanwar aýynyň 31-inden gija galmagy;

5.      Agzalyk borçlarynyň, täjirçilik ahlak kada düzgünleriniň bozulmagy we Palatanyň abraýyny peseltmegi; 

 

/2/ Alynjak çäreleri we olaryň sebäplerini öz içine jemleýän Bildiriş Haty, öz wagtynda, degişli bolan agzalyga gowşurular;

/3/ Agzalygy bes etmek baradaky karar agzalyga belli edilenden soňra, bir aýyň dowamynda bes ediliş karary täzeden seredilip bilner, emma kararyň berlen wagtyndan başlap bir ýyldan gijä galmaly däldir;

/4/Agzalyk bes edilenden soňra ähli borçlar şeýle hem tölenen nyrhlar yzyna dikeldilmeýär;

/5/ Agzalyk hukuklaryny ýitiren agzalar, dolandyryş Geňeşiň karary esasynda yzyna dikeldip bilerler, emma agzalyk bes edilenden soňra iň azyndan 6 aý geçmelidir; Wznosyny tölemedigi sebäpli agzalygy bes edilen taraplar, wznosyny ýetirmek bilen Palata agzalygyna ýene-de kabul edilip bilerler, emma  şu nokatdaky ýokarda bellenen şertler ýerine ýetirilenden soňra.

 

V.  DOLANDYRYJY ORGANLARY 

    

ORGANLAR 

 

17-nji madda

/1/ Palatanyň Dolandyryjy organlary: Umumy Ýygnak (UÝ), Dolandyryjy Geňeşi (DG), Dolandyryjy Geňeşiň Başlygy, Kontrollyk Geňeşi (KG) we Ýerine Ýetiriji müdiri.

/2/ Palata Organlary, her haýsy aýratynlykda, olary saýlan organlaryň öňünde şeýle hem Umumy Ýygnagyň öňünde hasabat berýärler. Palatanyň her bir Organynyň agzalary, özüniň Organlygynyň çekýän jogapkärçiliklerine jogap berýärler we borçlaryny ýerine ýetirýärler.

 

UMUMY ÝYGNAK

 

18-nji madda

 Umumy Ýygnak BTSSP-nyň iň uly Organy bolup durýar. Onda adaty we hormatly agzalaryň hut özleri ýa-da olaryň wekiller gatnaşyp bilerler.

 

19-njy madda

/1/Umumy Ýygnak:

1. Düzgünnamany düzýär we üýtgeşmeler girizýär;

2. Beýleki kada kanunlary düzýär;

3. Dolandyryş Geňeşiniň agzalaryny işe saýlaýar we wezipesinden boşadýar;

4. Agzalary kabul edýär ýa-da ret edýär;

5.Jemgyýetiň döredilmegi ýa-da ýok edilmegi baradaky kararlary kabul edýär;

6.Palatanyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryny we programmalaryny kesgitleýär;

7. Býujeti kesgitleýär;

8.Hususyýetçilik we agzalyk wznoslarynyň mukdary baradaky kararlary kabul edýär;

9.Dolandyryş Geňeşiniň ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatyny kabul edýär;

10. Palatanyň beýleki Organlary tarapyndan kabul edilen, kanuna, düzgünnama we beýleki içeri resminamalara garşy çykýan kararlaryny ret edýär;

/2/ Birinji paragrafda bellenen 1,3,5,7,9 we 10-njy nokatlardaky hukuklar, Palatanyň beýleki organlary tarapyndan kabul edilip bilmeýär;

/3/ Umumy Ýygnagyň Kararlary Palatanyň beýleki Organlary üçin hökmanydyr;

 

20-nji madda

/1/ Kada boýunça, her ýylyň birinji bäş aýynyň dowamynda Dolandyryş Geňeşi umumy Ýygnagy çagyrýar. Umumy Ýygnak her ýylda bir gezek geçirilýär.

/2/ Kadadan daşary ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda we gyssagly wagtda çözülmeli meseleler ýüze çykan mahalynda, umumy Ýygnagyň nobatdan daşary mejlisi çagyrylyp bilner.  Umumy Ýygnagyň nobatdan daşary mejlisi Palatanyň Ýolbaşçysynyň haýyşy, Kontrollyk Geňeşiniň haýyşy ýa-da Palatanyň iň azyndan 1/3 agzalarynyň haýyş etmegi esasynda çagyrylyp bilner;

/3/ Umumy Ýygnagyň çakylygy, ýygnagyň geçiriljek senesiniň iň azyndan 1 aý öňünden agzalara resmi bildirişler üsti bilen şeýle hem elektron hat, faks ýa-da poçta üsti bilen ýetirilýär. Ýygnagyň geçiriljek ýeri, senesi we wagty ýaly maglumatlar çakylykda bellenýär.   Şeýle hem Umumy Ýygnak haýsy tarapyň karary esasynda çagyrylýandygy çakylykda bellenmelidir. Umumy Ýygnakda çözüljek ähli meseleleriň, gürrüňi ediljek materiallaryň we ýygnalan teklipleriň sanawy we yzygiderligi çakylyga berkidilmelidir.

/4/ Agzalaryň ýa-da wekilleriň iň azyndan ýarysyndan gowragy gatnaşan ýagdaýynda, umumy Ýygnak kanuna laýyk diýlip hasap ediler;

/5/ Ýygnagyň kararlygy bolmadyk mahalynda, duşuşygyň wagty şol bir günüň özünde bir sagat yza çekilýär we umumy Ýygnaga gatnaşyjylaryň sanyna garamazdan, kanuna laýyk diýlip hasap edilýär;

/6/ Umumy Ýygnagyň belli bir Karary kabul etmegi üçin, gatnaşyjylaryň köpçülikleýin ses bermegine seredilýär, emma 19-njy maddanyň 1-nji böleginiň 1,5 we 7-nji nokatlaryndaky kararlaryň kabul edilmegi üçin agzalaryň 2/3 böleginiň ses bermegi wajypdyr. 

/7/ Resmi Ynanç Hatynyň esasynda, bir wekil iň köpünden üç agza çenli wekilçilik edip biler.  Üçden köp agza wekilçilik etmäge we ygtyýarnama almaga rugsat berilmeýär.

/8/Umumy Ýygnagyň Karary gol çekilen badyna güýje girýär. Karary soňa goýmak ýa-da halka ýaýratmak ýaly kadadan çykmalar bolan ýagdaýynda, kararyň güýje girjek wagty üýtgedilip bilner.

/9/ Ýerli we merkezi häkimiýetleriň wekilleri, habar beriş gullugynyň wekilleri şeýle hem özbaşdak geňeşlikler umumy Ýygnagyň mejlisine gatnaşyp bilerler.

/10/Dolandyryjy Geňeş ýygnaga gatnaşmazdan karar kabul edip biler. Onuň üçin agzalaryň her haýsysy, şol günde çözülen ähli meseleleri we kabul edilen kararlary görkezýän Teswirnama gol çekmeli.  Teswirnamany elektron poçta, faks ýa-da göni poçta üsti bilen alanyndan soňra, 7 (ýedi) günüň dowamynda gol çekilen görnüşini ibermäge agzalar borçlydyr.

 

DOLANDYRYJY GEŇEŞ

 

21-nji madda

/1/ Dolandyryjy Geňeş (DG) Palatanyň öňde goýan maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär we şol babatda alnyp barylýan işlere gözegçilik edýär. Ol Palatanyň işleri üçin ýolbaşçylyk kadalaryny kabul edýär. Dolandyryjy Geňeş (DG) umumy Ýygnagyň karary esasynda hereket edýär.

/2/Palata 5 (bäş) ýyllyk saýlanan Dolandyryjy Geňeşiň üsti bilen dolandyrylýar we görkezilýär.

/3/Dolandyryjy Geňeş (DG) 3 (üçden) 7 (ýedä) çenli agzalardan ybaratdyr, ol agzalar Palatanyň agzalarynyň wekilleri bolup, umumy Ýygnagyň netijesinde saýlanýarlar.

/4/ Dolandyryjy Geňeşiň agzalygyna ýuridiki we fiziki taraplar saýlanyp bilerler, olar Palatanyň agzalary bolmaly we özleriniň doly ygtyýarly subýektlerine görkezilýärler.

 

22-nji madda

Dolandyryjy Geňeş:

1.      Palatanyň operatiw dolandyrylyşyny gurnamak we ýolbaşçylyk etmek;

2.      Geljekki alnyp barylmaly işler barada maslahat berýär;

3.      Dolandyryjy Geňeşiň Başlygyny saýlaýar;

4.      Başlyk ýa-da onuň wekili tarapyndan düzülen ýyllyk kalendaryny kabul edýär;

5.      Taslama býujeti barada pikir alyşýar we umumy Ýygnakda seredilmegine ýardam edýär;

6.      Palatanyň wekilhanalarynyň açylmagy ýa-da ýapylmagy barada karar kabul edýär;

7.      Palatanyň agzalaryny kabul edýär we agzalykdan boşadýar;

8.      Täze gurama açmak barada ýa-da başga guramalar, jemgyýetler bilen hyzmatdaşlyk etmek barada karar kabul edýär;

9.      Palatanyň emlägine gözegçilik edýär;

10.  Zerurlyk ýüze çykan mahalynda Palatanyň ýöriteleşdirilen komissiýalaryny ýa-da maslahat beriji geňeşliklerini döredýär; 

11.  Palatanyň salgysyny kesgitleýär;

12.  Palatanyň alyp barýan işleriniň hasabatyny umumy ýygnaga yetirýär;

13.   Umumy Ýygnagyň kararyny herekete getirýär;

14.  Maksatlar üçin niýetlenen fondlary döredýär;

15.  Palatanyň alyp barýan işleriniň tertibini hem-de içeri işler düzgünlerini makullaýar;

16.   Komitetleri, klublary we Palata üçin beýleki kömekçi guramalary döredýär;

17.  Zerurlyk ýüze çykan mahalynda, Başlygyň teklibi esasynda, Ýerine Ýetiriji müdiri saýlaýar;

18.  Umumy Ýygnagyň beýleki tabşyryklaryny hem ýerine ýetirýär.

 

23-nji madda

 

/1/ Dolandyryjy Geňeş iň azyndan her üç aýda bir gezek gurnalýar, ýa-da Başlygyň buýrugy esasynda we Kontrollyk Geňeşiň, Ýerine Ýetiriji müdiriň talaby esasynda şeýle hem geňeşiň 1/3  agzalarynyň arzasy esasynda, zerurlygyň çykyşyna göra köp gezek gurnalyp bilýär. Başlyk arzany kabul edenden soňra 2 (iki) hepdäniň dowamynda Dolandyryjy Geňeşiniň mejlisini gurnamadyk ýagdaýynda, geňeşiň gyzyklanma bildirýän her bir agzasy mejlisi çagyryp biler.

/2/ Dolandyryjy Geňeşiniň mejlisine agzalaryň ýarysyndan köpragi gatnaşan ýagdaýynda, mejlis kanuna laýyk diýlip hasap edilýär. Telefon ýa-da başga usul bilen baglanyp, şahsyýetiň hut öziligini doly mälim edip, mejlisiň karary geliş işlerine doly gatnaşan agzalar we gatnaşygy mejlisiň Teswirnamasynda bellenen agzalar geňeşiň  gatnaşyjysy diýlip hasap ediler.

/3/ Dolandyryjy Geňeşiň karar kabul etmegi köpçüligiň ses bermegi netijesinde amala aşyrylýar.

/4/ Dolandyryjy Geňeş ýygnaga gatnaşmazdan karar kabul edip biler. Onuň üçin agzalaryň her haýsysy, şol günde çözülen ähli meseleleri we kabul edilen kararlary görkezýän Teswirnama gol çekmeli. 

/5/ Geňeşe gatnaşýandyklary üçin dolandyryjy Geňeşiň agzalaryna sylag berilmeýär.

 

BAŞLYK

 

24-nji madda

 

 /1/ Başlyk umumy Ýygnak tarapyndan 5 (bäş) ýyllyk möhlet bilen saýlanýar. Başlyk dolandyryjy Geňeşiň agzalarynyň arasyndan saýlanýar.

/2/ Başlygyň borçlary:

1. Palatany üçünji taraplara görkezýär;

2.Umumy Ýygnagyň, dolandyryjy Geňeşiň we Ýerine Ýetiriji müdiriň kararlaryny ýerine ýetirmekde, şu düzgünnamanyň 23-nji maddasyna laýyklykda,  karar kabul edýär we dolandyryjy Geňeşiň işlerine gözegçilik edýär;

3.Umumy Ýygnagyň kabul eden kararlaryny ýerine ýetirmek üçin, şu düzgünnama laýyklykda ýolbaşçylyk edýär;

4. Dolandyryş Geňeşiniň mejlisini çagyrýar;

5.Palatada işleýän işgärleri kesgitleýär.

/3/ Başlygyň Orunbasaryny dolandyryjy Geňeşiniň agzalarynyň arasyndan saýlamak bolýar.

 

KONTROLLYK GEŇEŞI

 

25-nji madda

 

/1/Kontrollyk Geňeşi 5 (bäş) ýyl möhlet bilen saylanan 3 (üç) agzalardan ybaratdyr. Kontrollyk Geňeşiniň agzalygyna umumy Ýygnagyň agzasy bolmadyk taraplar kabul edilip biler.

/2/ Kontrollyk Geňeşiň borçlary:

1.      Palatanyň ykdysady hasabat işlerine we býujeti tassyklaýan serişdelere gözegçilik etmek;

2.      Dolandyryjy Geňeşiň we umumy Ýygnagyň öňünde berlen hasabatlar barada öz pikirini beýan edýär;

3.      Dolandyryjy Geňeşiň we umumy Ýygnagyň öňünde öz işiniň hasabatyny berýär;

4.      Ýolbaşçylar saýlawy barada Palata agzalarynyň arasynda näsazlyklar ýüze çykan mahalynda, öz gözýetimini beýan edýär;

5.      Öz agzalarynyň arasyndan başlyk saýlaýar we Başlyk dolandyryjy Geňeşiň mejlislerine gatnaşmaga hukukly bolýar;

 

ÝERINE ÝETIRIJI MÜDIR

 

26-njy madda

 

Zerurlyk ýüze çykan mahalynda, Başlyk şu aşakdaky ygtyýarlandyrmalar esasynda Ýerine Ýetiriji müdiri wezipä kabul edip biler:

1.      Umumy Ýygnagyň, dolandyryjy geňeşiň we Başlygyň buýruklaryny ýerine ýetirýär;

2.      Palatanyň dolandyryş işlerini düzgüne salýar;

3.      Başlyk bilen maslahatlaşyp, ştat düzüminiň ýagdaýyna göra işgärleri işe kabul edýär we işden boşadýar;

4.      Býujetiň çykdajylaryna ýolbaşçylyk edýär we Başlyk bilen maslahatlaşyp, dolandyryjy Geňeşiniň tassyklamasyndan soňra Palatanyň düzgünlerine we dessurlaryna laýyklykda maddy resurslaryna gözegçilik edýär;

5.      Başlyk ýa-da başlygyň Orunbasary tarapyndan tabşyrylan ähli beýleki alnyp barylýan işleri düzgüne salýar. 

 

 

VI. ÝAPYLYŞ

 

27-nji madda

/1/ Palata Kanuny esaslaryň netijesinde doly ýapylyp biler;

/2/ Palatanyň ýapylan halatynda, dolandyryjy geňeşlik ýa-da geňeş tarapyndan bellenen agza Palatanyň ýapylyş işlerini ýerine ýetirýär;

/3/Algydarlar bilen hasaplaşma ýerine ýetirilenden soňra, galan emläk umumy Ýygnagyň karary esasynda paýlanýar.

 

VII. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

28-nji madda

 Düzgünnamadaky üýtgeşmeler tertip boýunça, şu düzgünnama wekommersiýa degişli bolmadyk guramalara niýetlenen Kanun esasynda giriziler.

 

29-njy madda

Şu düzgünnamada bellenmedik soraglaryň ýüze çykan mahalynda, kommersiýa degişli bolmadyk guramalara niýetlenen Kanun düzgünleri we Bolgariýa Respublikasynyň hereketdäki Kanunlary ulanylar.

Şu düzgünnama “BOLGAR-TÜRKMENISTAN SÖWDA-SENAGAT PALATASY” atly kommersiýa degişli bolmadyk hyzmatdaşlygyň 07.07.2014 ýylda geçirilen guramaçylyk ýygnagy tarapyndan döredildi. Düzgünnama jemgyýetiň doly ygtyýarly tarapy gol çekdi.

 

Dolandyryjy Geňeşiň Başlygy: