“TÜRKMENISTAN DÖWLETI BILEN DOSTLUK JEMGYÝETI” ATLY, KOMMERSIÝA DEGIŞLI BOLMADYK GURAMANYŇ 

DÜZGÜNNAMASY

 

 

UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda

/ 1/ “TÜRKMENISTAN DÖWLETI BILEN DOSTLUK JEMGYÝETI” –özbaşdak, hökümete we kommersiýa degişli bolmadyk guramadyr.

 

/2/“TÜRKMENISTAN DÖWLETI BILEN DOSTLUK JEMGYÝETI” diýen at bolgar dilinde „ДРУЖЕСТВО ЗА ПРИЯТЕЛСТВО С ТУРКМЕНИСТАН „we iňlis dilinde  “SOCIETY FOR FRIENDSHIP WITH THE REPUBLIC OF TURKMENISTAN ”; şu düzgünnamanyň dowamynda gysgaça “Jemgyýet” diýlip ulanylar.

 

/3/ Jemgyýetiň baş edarasy Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde ýerleşip onuň dolyadresi: Sofiýa ş. 1527köç.Trakiýa №15. Bolgariýada hasaba alnandan soňra, Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Jemgyýet Aşgabat şäherinde hem öz wekilhanasyny açyp biler.

 

/4/ Jemgyýet kesgitlenmedik möhlet bilen hasaba alyndy.

 

/5/Jemgyýet hususyçylyk bähbitli işler üçin döredilýär.

 

/6/ Alyp barýan işleri boýunça, Jemgyýet Döwlet Kanunlarynyň esasynda hem-de şu düzgünnama esasynda hereket eder.

 

MAKSATLAR

 

2-nji madda

 

Jemgyýetiň esasy maksatlary şulardan ybaratdyr:

-          Türkmenistan döwleti bilen bagly bolan ähli taraplaýyn jemgyýetçilik ösüşiniň aragatnaşygyny we hyzmatdaşlygyny berkitmek; ähli ynsanyýet, ahlagy we medeni gymmatlyklary we päk-ahlaklylygy berkleşdirmek; türkmen halkynyň dabaralary baýramçylyklaryny belläp geçmek, duşuşyklary, maslahatlary, sergileri gurnamak.

 

 

ÖŇDE GOÝLAN MAKSATLARA ÝETMEK ÜÇIN SERIŞDELER

 

3-nji madda

 

Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin serişdeler şu görnüşde:

Hökümete degişli bolmadyk türkmen guramalary bilen özara baglanyşyklary we gatnaşyklary  gözleýär we ýola goýýar;

Iki döwletiň döredijilik birleşmeleriniň we beýleki medeni däp-dessurlarynyň göni aragatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredýän Bolgar we türkmen hökümet we hususy kärhanalarynyň özara baglanyşyklaryna täsir edýär;  

Türkmenistan döwleti bilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyklara mümkinçilik döredýär we amatly şertleri döretmäge hemaýat edýär.

 

 

 

 

JEMGYÝETIŇ ALYP BARÝAN IŞLERI

 

4-nji madda

 

Jemgyýetiň alyp barýan işleri:

Medeni, ylmy we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşine ýardam bermek;

Türkmenistanyň we Bolgariýanyň taryhyny, häzirki zaman ykdysadyýetini, däp-dessurlaryny we päk-ahlaklylygyny  dünýä ýaýmak;

Sergileri, maslahatlary, konferensiýalary, simpoziumlary, baýramçylyklary we ş.m gurnamak; Bolgariýadaky Türkmen medeniýetini, ylmyny, bilimini we tehniki ösüşini dünýä ýaýmak;

Ykdysady we iş forumlaryny gurnamak; söwda we senagat sergilerini alyp barmak; Bolgar we türkmen ykdysady gurluşynyň senagat we oba-hojalyk önümçiliginiň tanyşdyrmalaryny gurnamak; Ýörite ylmy-tejribe maslahatlary, seminarlary, simpoziumlary, tegelek stollary birnäçe başga çäreleri alyp barmak;

AGZALYK

5-nji madda

Jemgyýetiň umumy maksatlaryna ýetmäge yardam etmek islän, iş başarjaň ýuridiki we fiziki taraplar jemgyýetiň agzasy bolup bilerler.

Agzalygy gazanmak

6-njy madda

1)      Jemgyýetde agzalyk meýletindir.

2)      Şu Düzgünnamanyň ähli şertlerinden habarlydygyny we olary kabul edýändigini bildirip arzaçy arza üsti bilen geňeşlige  ýüz tutýar. Dalaşgärler – ýuridiki taraplar arza bilen birlikde, hasaba alyş resminamanyň nusgasyny we gurama ýolbaşçysynyň Jemgyýet agzalygyna girmek kararynyň nusgasyny ýetirýär.

 

Agzalyk hukuklary we borçlary

 

7-nji madda

 

Jemgyýetiň agzalarynyň hukuklary şu aşakdakylar:

-          Jemgyýeti yörediş işlerine gatnaşmak;

-          Onuň alyp barýan işlerinden habarly bolmak; 

-          Jemgyýetiň emläklerinden peydalanmak , mümkin boldygyça alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilmegi üçin, ýolbaşçy ýa-da beýleki karar çykaryjy taraplaryň görkezmeleri esasynda.

-          Şu düzgünnama laýyklykda, jemgyýetiň alyp barýan işleriniň netijelerinden peýdalanmak,

 

8-nji madda

 

Jemgyýetiň agzalarynyň borçlary şu aşakdakylar:

 

–        Şu Düzgünnamanyň talaplaryny we Jemgyýetiň  dolandyryjy agzalarynyň kararlaryny berjaý etmek;

–        Jemgyýetiň alyp barýan işlerine gatnaşmak we maksatlary durmuşa geçirmek üçin hyzmat etmek.

–        Jemgyýetiň abraýyny beýgeltmek, onuň emlägini ulaltmak üçin ýardam etmek we jemgyýetiň abraýyny peseldip biljek ya-da maksatlaryna garşy çykyp biljek hereketleri görkezmezlik.

–        Şu düzgünnamada bellenen emläk wznoslaryny girizmek.

 

9-njy madda

Agzalygyň bes edilmegi halatynda ýa-da ölüm halatynda, agzalyk hukuklary we borçlary (emläk hukuklaryndan başga),  beýleki taraplara geçirilmek kadasyna tabyn bolmaýar.

 

10-njy madda

Jemgyýetiň agzalary üçünji tarapy güýçlendirmäge, onuň hukuklaryny we borçlaryny amala aşyrmaga hukuklary bardyr. Hukuklar we borçlar kagyz ýüzünde ýazylan görnüşde bolmaly we geňeşligiň ýazuw üsti bilen beren bildirişinden soňra doly güýje girýär. Borç düzgünnamalaryny bozan halatlarynda, olar ygtyýarlandyrylan wekiliň öňünde jogapkärçilik çekýärler.

 

11-nji madda

Diňe jemgyýetiň agzalary özleriniň maddy wznoslaryna jogapkärçilik çekýärler we kreditorlar  agzalygyň hususy emlägine hukuk bildirmeklige haksyzdyr.

 

Agzalygy bes etmek

 

12-nji madda

 

Jemgyýet agzalygy bes edilýär:

 

-          Taraplaryň birinden jemgyýetiň dolandyryş geňeşliginiň adyna hat üsti bilen arza

-          Agzalygyň ýuridiki taýdan bes edilen halatynda ýa-da ölüm halatynda

-          Kadadan çykma

-          Wznoslaryň tölenmedigi sebäpli ýa-da jemgyýetiň alyp barýan işlerine gatnaşmakdan boýun gaçyrandygy sebäpli.

 

13-nji madda

 

Dolandyryş Geňeşliginiň umumy ýygnagy esasynda, jemgyýetiň agzasy agzalykdan aýrylyp biler haçan-da: 

 

– Şu düzgünnamadaky bellenen düzgünleri bozan mahalynda;

– Jemgyýet agzalygyny dowam etmeklige sazlaşyksyz hereket eden mahalynda.

 

14-nji madda

Kadadan çykmalar umumy ýygnagyň  gelen karary esasynda kesgitlenýär.

 

15-nji madda

Jemgyýet agzalygynyň bes edilmegi bilen emläk wznoslary yzyna gaýtarylmaýar.

 

DOLANDYRYŞ ORGANLARY

 

16-njy madda

Jemgyýetiň ýokary organy umumy ýygnak bolup durýar we dolandyryjy organy bolup Dolandyryş Geňeşligi hasaplanýar.

 

UMUMY ÝYGNAK

 

17-nji madda

 

1)      Umumy ýygnak Jemgyýetiň ähli agzalardan ybaratdyr.

2)      Ýuridiki taraplar öz wekilleriniň üsti bilen gatnaşýar.

3)      Jemgyýetiň agzalary başga fiziki tarapyň wekilçilik etmegi üçin, ynanç haty üsti bilen bir ýa-da köp sanly umumy ýygnaklara gatnaşmaga hukuk alyp biler. Şol bir wagtyň özünde wekilleriň sany üçden geçmeli däldir we üçünji taraplary çakdan aşa ygtyýarlandyrmaly däldir.

 

 

 

Umumy ýygnagyň ygtyýary

 

18-nji madda

 

Umumy ýygnak:

1. Düzgünnamany üýtgedýär we onuň kemini doldurýar;

2.Dolandyryş geňeşligi üçin, alnyp barylýan işjeňlik hasabaty, beýannamalar we ş.m. üçin düzgünleri kabul edýär;

3. Dolandyryş geňeşliginiň agzalaryny işe saýlaýar we işden boşadýar hem-de olaryň sylaglaryny kesgitleýär; dolandyryş Geňeşiň agzalarynyň arasyndan dolandyryş Geňeşiniň Başlygyny saýlaýar we wezipesinden boşadýar.

4. Agzalyga kabul edýär we agzalykdan boşadýär.

5. Şahamçalaryň açylyşy ýa-da ýapylyşy barada karar kabul edýär;

6. Başga guramalara gatnaşmaklyk barada karar kabul edýär;

7. Jemgyýeti özgertmeklik ýa-da soňa goýmaklyk barada karar kabul edýär;

8.Jemgyýetiň ýolbaşçylyk we iş tertibini döredýär;

9.Jemgyýetiň býujetini kabul edýär;

10. Agzalyk wznoslarynyň mukdary we bergiler barada karar kabul edýär;

11. Dolandyryş Geňeşliginiň alyp barýan işleri baradaky hasabaty kabul edýär;

12. Şu düzgünnama esasynda ýa-da kanun esasynda goýlan ähli beýleki meselelere seredýär we karar kabul edýär.

 

Çagyryş

19-njy madda

Umumy ýygnak dolandyryş Geňeşligi tarapyndan çagyrylýar. Maslahat Jemgyýetiň baş jaýynda geçirilmelidir.

 

20-nji madda

Jemgyýetiň üçden bir agzalyk topary umumy ýygnagy gurnamak barada dolandyryş Geňeşliginden haýyş etmäge hukuklydyr we dolandyryş Geňeşligi bir aýyň dowamynda ýazmaça Çagyryşy ugradýar, höwes bildirýän agzalardan gelen arzalar netijesinde baş jaýdaky kazyýetiň  gelen karary bilen maslahat gurnalýar.

 

21-nji madda

Çakylyk ýazuw görnüşde bolup, umumy ýygnagyň bolup geçjek gününi, wagtyny we salgysyny öz içine almalydyr. Çakylyk umumy ýygnagyň geçiriljek gününden 7 günden giç ugradylmaly däldir.

 

Kararlyk

22-nji madda

 

1)      Agzalaryň iň azyndan ýarysy umumy ýygnaga gatnaşan ýagdaýynda ýygnak kanuna laýyk hasaplanýar. Kararlyga gatnaşýan agzalaryň we olaryň wekilleriniň doly sanawy başlyk ýa kätip tarapyndan tassyklanyp, teswirnama berkidilenden soňra, Başlyklyk edýän taraplar Kararlygy kesgitleýärler.

2)      Kararlygyň ýoklugy halatynda, ýygnak 1 sagat yza çekilmek bilen şol bir günde, şol bir salgyda geçirilýär, şeýle hem gatnaşýan agzalaryň sanyna garamazdan, ýygnak hakyky diýlip hasaplanýär.  Şeýlelikde, gatnaşýan agzalaryň sanyna garamazdan, Umumy ýygnagyň geçirilenligi we onun kabul eden kararlary kanuna laýyk diýlip hasaplanýar.

 

Saýlaw

23-nji madda

 

Jemgyýetiň agzasy şu aşakdaky meseleleriň çözgüdine gatnaşmaga haky ýokdur:

1.       Ony, onuň ýan-ýoldaşyny ýa-da göni dogan-garyndaşyny  - çäklendirmesiz, gapdaldan – dördünji derejeli ýa-da gaýyn taraplary;

2.       Karara gelmek işleriniň öňüni tutjak ýa-da päsgel berip biljek ýuridiki taraplar, ýolbaşçylar;

3.       Bir wekil ýazmaça ynanç haty üsti bilen umumy Ýygnagyň üç agzasyndan köp agzalara wekilçilik edip bilmez.

 

Karara gelme

24-nji madda

Umumy ýygnagyň belli bir karara gelmegi aglaba sesleriň beren netijesine baglydyr/ 50% goşmak 1 ses/gatnaşyjylaryň arasyndan. 

 

25-nji madda

Düzgünnamany üýtgedmek ýa onuň kemini doldurmak baradaky kararlar, şeýle hem Jemgyýeti özgertmeklik ýa-da soňa goýmaklyk barada kararlar iň azyndan 2/3 gatnaşyjylaryň ses bermegi bilen kabul edilýär.

 

26-njy madda

Karar Umumy ýygnagyň kabul eden wagtyndan başlap güýje girýär.  Eger-de Kararda başga wagt bellenilip geçilse diýmek Karar şol görkezilen wagtda güýje girýär.

 

27-nji madda

Umumy ýygnak bildirişinde görkezilen meselelerden başga meseleler barada karar kabul etmek üçin,  Jemgyýetiň 1oo% agzalary gatnaşmalydyr.

 

Teswirnama

28-nji madda

 

 1) Her umumy ýygnagyň mejlisinde Teswirnama ýazylýar. Teswirnamany ýazan tarap teswirnamanyň mazmunynyň takyklygyna jogapkärçilik çekýär we ony tassyklaýar.

 2) Ýygnaga çagyrylan agzalaryň we wekilleriň sanawy we ýygnagyň dowamynyň alnyp barylyşy hakyndaky Teswirnama, Jemgyýetiň ýörite kitabyna girizilmelidir.

 

DOLANDYRYŞ GEŇEŞI

 

29-njy madda

Dolandyryş Geňeşligi Jemgyýetiň 3 /üç/  agzasyndan ybaratdyr. Jemgyýetiň agzalary, ýuridiki tarap bolup, Jemgyýetiň agzalarynyň geňeşligini belläp bilýärler.

 

Mandat

30-njy madda

Dolandyryş Geňeşligi 5 /bäş/ ýyllyk möhlet bilen saýlanýar, onuň agzalary çäklendirmesiz gaýtadan saýlanyp bilýärler.

 

Ygtyýarlylygy

31-nji madda

  Dolandyryş geňeşi:

1.       Jemgyýeti görkezýär we agzalaryň wekillik güýjiniň möçberini kesgitleýär;

2.       Umumy ýygnagyň beren kararyny ýerine ýetirýär;

3.       Şu düzgünnamanyň esasynda, Jemgyýetiň emläginden peydalanýar;

4.       Býujet taslamasyny taýýarlaýar we Umumy ýygnaga ýetirýär;

5.       Jemgyýetiň alyp barýan işleri barada hasabat taýýarlaýar we Umumy ýygnaga ýetirýär;

6.       Jemgyýetiň iş tertibini kesgitleýär we gurnaýar;

7.       Jemgyýetiň salgysyny kesgitleýär;

8.       Alyp barýan işleriniň kada-kanunlaryny we düzgünlerini kabul edýär;

9.       Umumy ýygnagyň ähli alyp barmaýan beýleki işlerini alyp barmak barada karar kabul edýär.

10.   Dolandyryş geňeşliginiň ygtyýarlygy wagtyndan öň bes edilen halatynda, Dolandyryş geňeşiniň orunbasary tä Umumy ýygnagyň saýlaw wagtyna çenli işleri alyp barýar.

 

Mejlis

32-nji madda

 

1)      Dolandyryş geňeşiniň mejlisi Başlygyň höwes bildirmegi esasynda, her üç aýyn dowamynda 1 gezekden kän gurnalmaýar.

2)      Başlyk agzalaryň üçden bir bölegini geňeşiň mejlisine çagyrmaga borçludyr. Eger-de başlyk bir hepdäniň dowamynda mejlisi çagyrmasa, onda mejlis dolandyryjy geňeşiň islendik agzasy tarapyndan çagyrylyp bilner.

 

33-nji madda

 

1)      Mejlisde agzalaryň ýarysyndan gowragy gatnaşan mahalynda mejlis hakyky diýlip hasap edilýär. Gatnaşyjylar diýlip mejlisde we karar kabul ediş akymynda işjeň gatnaşan agzalar hasap edilýär. Gatnaşyjynyň beren sesi mejlisiň başlygynyň teswirnamasynda bellige alynýar.

2)      Adaty kararlar umumy ýygnagy gurnamazdan hem kabul edilip bilner, onuň üçin taýýarlanan teswirnama Jemgyýetiň agzalary bir agyzdan gol çekmelidirler.

3)      Kararlar gatnaşyjylaryň köpçülikleýin ses bermegi esasynda kabul edilýär, şeýle hem Jemgyýetiň ygtyýarlandyrma işleri we emläk işleri boýunça kararlar Umumy ýygnak agzalarynyň köpçülikleýin ses bermegi esasynda kabul edilýär. Dolandyryş Geňeşi. 

 

 

 

34-nji madda

Geňeşiň ygtyýarlandyrmalary gyssagly şekilde bes edilip biler:

 

- Umumy ýygnagyň karary netijesinde;

- Dolandyryş geňeşine bildiren ýazuw görnüşli isleg esasynda. Geňeşiň agzasynyň gyssagly şekilde ygtyýarlandyrmasynyň bes edilmegi halatynda, täze saýlawlar geçirilmeýär.  

 

Barlag

 

35-nji madda

Jemgyýetiň her bir agzasy dolandyryş geňeşiniň kararyna garşy şikaýat görkezmäge haklydyr haçan-da dolandyryş geňeşiniň karary şu düzgünnamanyň kararlaryna, Kanuna ýa-da umumy ýygnagyň kararlaryna garşy bolan halatynda. Şikaýat bir aýyň dowamynda ýetirilmelidir, emma karar kabul edilenden soňra 1 ýyldan gijä galmaly däldir.

 

Dolandyryjy geňeşiniň agzalarynyň jogapkärçiligi

36-njy madda

 

Geňeşligiň agzalary Jemgyýetiň peydasyna ýa-da emlägine zyýan yetirýän hereketler üçin deň jogapkärçilik çekýärler.

 

 

DOLANDYRYŞ GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY

 

37-nji madda

Dolandyryş geňeşiň başlygy Jemgyýetiň umumy ýygnagy esasynda saýlanýar. Başlygyň mandatynyň dowamy bäş ýyllykdyr.

 

38-nji madda

Dolandyryş geňeşiň başlygy;

-Dolandyryş geňeşiň mejlislerini çagyrýar we ýolbaşçylyk edýär;

-Üçünji taraplaryň öňünde Jemgyýeti görkezýär;

-Üçünji taraplaryň aýry hukuklaryna täzeden ygtyýar berip bilýär;

-Işgärleri işe kabul edýär we işden boşadýar.

 

39-njy madda

Dolandyryş geňeşiniň başlygynyň ygtyýarlandyrmalary şu aşakdaky ýagdaýlarda wagtyndan öň bes edilip bilner:

-Umumy maslahatyň 1/3 agzalarynyň bilelikde ses berip, umumy ýygnak kararyny kabul etmekligi ýa-da haýyş haty üsti bilen yüzlenmesi.

Dolandyryş geňeşiniň başlygynyň ygtyýarlandyrmalary wagtyndan öň bes edilen halatynda umumy maslahat wezipä täze başlyk belleýär.

 

 

 

 

KONTROLLYK GEŇEŞI

40-njy madda

/1/ Kontrollyk geňeşiň agzalygyna umumy ýygnagyň agzalygynda bolmadyk taraplar hem saýlanyp biler.

/2/ Kontrollyk geňeşi:

1. Bellenen býujete laýyklykda maliýa hasapçylyk işlerine we çykdajylaryna kontrollyk etmek;

2.Bar bolan hasabatlara görä, umumy ýygnakda we dolandyryş geňeşinde özüniň pikirini beýan edýär;

3. Umumy ýygnagyň öňünde we dolandyryş geňeşiň öňünde özüniň alyp barýan işleri barada hasabat berýär.

4. Ýolbaşçylar guramasyndaky näsazlyklar we Jemgyýetiň agzalarynyň garşy çykmalary barada özüniň pikirini we garaýşyny aýdyň edýär;

5. Öz agzalarynyň arasyndan ýolbaşçy seçýärler we ýolbaşçy geňeşiň ýygnaklaryna gatnaşmak borjy we hukuklary bilen ygtyýarlandyrylýar.

/3/ Jemgyýetiň umumy ýygnagynyň karary, Kontrollyk geňeşiň alyp barýan işleri bir barlagçynyň üsti bilen hem alnyp barlyp bilner.

 

 

EMLÄK

41-nji madda

Jemgyýetiň emlägi hususyçylyk hukuklardan we beýleki eýeçilik hukuklardan, algydarlyk çykdajylaryndan we kanuny kadalaşdyryjy beýleki hukuklardan ybaratdyr.

 

MALIÝELEŞDIRME ÇEŞMELERI

42-nji madda

Jemgyýetiň esasy serişdeleri agzalaryň emläk wznoslaryndan, ykdysady işlerinden gelen girdejiler, fiziki we ýuridiki taraplardan berilýän hemaýatkärlikler we bagyşlamalardan ybaratdyr.

 

YKDYSADY IŞI

43-nji madda

 (1) Girdejileri şu düzgünnamada bellenen maksatlar üçin ulanyp, Jemgyýet goşmaça ykdysady işleri alyp barýar. Jemgyýetiň alyp barýan ähli ykdysady işleri hojalyk işlerini kadalaşdyryjy Kanunlara doly laýyk bolmalydyr.

 (2)Jemgyýet girdejilerini paýlamaýar.

 (3) Jemgyýetiň guramaçylyk işleriniň girdejileri şu düzgünnamada bellenen maksatlar üçin ulanylýar.

 

ÜÝTGEŞME,  BES EDILME WE ÝATYRYLYŞ

44-nji madda

Umumy ýygnagyň biragyzdan ses bermegi esasynda Jemgyýet başga, kommersiýa degişli bolmadyk ýuridiki tarapa üýtgedilip bilner.

 

45-nji madda

Jemgyýet işi bes edilýär haçan-da:

1. Umumy ýygnagyň karary esasynda;

2.Hasaba alnan ýeriň etrap kazyýetiniň karary boýunça, 13-nji madda, 1-nji punkt -  Kommersiýa maksatly bolmadyk ýuridiki taraplar üçin niýetlenen Kanun esasynda; Jemgyýet Kanuna laýyk şertler bilen guralmadyk ýagdaýynda; Konstitutsiýa garşy hereket eden ýagdaýynda; Bankrot diýlip yglan edilen ýagdaýynda.

 

46-njy madda

Jemgyýet işi bes edilen mahalynda, Jemgyýeti ýok etme dolandyryş geňeşi tarapyndan ýerine ýetirilýär. Durnuksyzlyk, bankrotlyk, ýatyrylyş tertipleri we ýok edijiniň ygtyýarlandyrmalary ýaly meselelerde Söwda Kanunlarynyň düzgünleri ulanylýar.

 

47-nji madda

Eger-de umumy ýygnak emlägi paýlamak barada belli karara gelmese, algydarlaryň talaplary ýerine ýetirilenden soňra, ýok ediji Jemgyýetiň emlägini nagtlaşdyrýar we ýetirilen wznoslara laýyklykda ony agzalara paýlaýar.

 

JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

§1 . Şu düzgünnama 29.10.2014 ýylda geçirilen Jemgyýet guramaçylyk ýygnagynda kabul edildi we guramaçylyk ýygnagyň başlygy we kätibi tarapyndan tassyklandy.

 

§ 2. Şu düzgünnamada bellenmedik halatlaryň bar bolan ýagdaýynda we düzgünleri ýerine ýetirmek üçin goşmaça düşündiriş gerek bolan ýagdaýynda, Kommersiýa degişli bolmadyk guramalara niýetlenen Kanun düzgünleri ulanylar. Kanun bilen dawa ýüze çykan ýagdaýynda, düzgünnamada bellenen düzgünler Kanunyň hökmany kadalaryna çalşyrylar.

 

 

 

 

Guramaçylyk ýygnagynyň Başlygy:  ...................................................................

 

 

Guramaçylyk ýygnagynyň Kätibi:  ......................................................................

 

 

Jemgyýetiň wekili:   ............................................................................................