Balgariýa barada maglumat

 

 

Резултат с изображение за българия ес

 

Bolgariýa  - Aziýa we Ýewropa çatrygynda ýerleşýän döwletdir.

Bolgariýa Balkan yarymadasynyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýär. Ýurduň ilaty 7.4 mln bolup, umumy tutýan meýdany -110  912 kw. Km. Bolgariýa günorta tarapynda Türkiýe we Gresiýa, günbatarda Makedoniýa we Serbiýa bilen araçäkleşýär. Demirgazykda Dunaý deryasy Bolgariýanyň Rumyniýa döwleti bilen ýeke-täk araçägi bolup, gündogarda bolsa Gara Deňzi akýar.

                                               

Related image

                                                       

Bolgariýanyň tebigaty belent daglardan başlap ajaýyp suwa düşülýän kenarlara çenli bolan ähli tebigy gözelliklere baýdyr.

 

                                                                          

Свързано изображение

 

Daglar

Rila daglary belentligi boýunça Yewropada 6-njy we Balkan yarymadasynda 1-nji beýik dagdyr. “Sem Rilskih Ozýor” – syýahatçylar tarapyndan iň köp zyýarata gelinýän tebigy gözellikleriniň biridir.

                                                        Връх Мальовица: поглед от високо

 

Pirin – Alp daglaryna meňzeýän Bolgariýanyň iň bir owadan dagydyr.

                                                             Резултат с изображение за българия pirin

 

Rodopi daglary – Bolgariýanyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň iň bir gyzykly mekanydyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň arhitekturasy, ilatynyň däp-dessurlylygy we medeniýeti her geleni haýrana galdyrýar.

                                                             Резултат с изображение за българия rodopi

 

Witýuşa  - Bolgariýanyň paýtagty bolan Sofiýa şäherine iň ýakyn dag. Bu dag sport üçin we dynç alyş üçin iň bir owadan, ýeke-täk mümkinçilikleri hödürleýän ajaýyp bir gözel ýerdir.

                                                                    Свързано изображение

 

Nesebr (Mesembriýa) şäheri biziň eramyzdan ozal  6-njy asyrda ilatly ýere öwrüldi. Bürünç asyrynda ol Gara deňiziň kenarynda ýerleşýän iň bir ösen şäherleriň biri bolup, bu gün bolsa,  UNESСO tarapyndan goranylyp saklanýan medeni bir parçadyr.

                                                                       Свързано изображение

 

 Deňiz

2010 – njy ýylda Bolgariýanyň 11 sany suwa düşülýän kenarýakalaryna “Mawy Baýdak” atly iň ýokary derejeli, hormatlanýan baýragy berildi.

Ýurtda häzirki zamanda 142 sany dynç alyş jaýlary bar bolup, olaryň 58 sanysy saglygy ösdürýän şypahanalar, 56-sy dag klimatly we 28 sanysy deňiz dynç alyş merkezleridi

 

Резултат с изображение за българия слънчев бряг

 

 Döwleti Dolandyryş

Bolgariýa Mejlisi (Parlament) Respublikasy bolup, Bolgariýa Respublikasynyň 1991-nji ýylyň Iyul aýyndaky Beyik Halk Maslahatynda kabul edilen Konstitusiýasyna berk baglanýar. Bolgariýa Respublikasynyň Konstitusiýasy yurduň iň ýokary kanunydyr we hiç bir başga kanun oňa garşy çykyp bilmez.

Konstitusiýa bilen ratifinirlenen ähli halkara ylalaşyklar, Döwletiň Içeri Kanunlarynyň bölegi hasaplanýar.

Hökümet işlerini Döwletiň býujeti esasynda alyp barýar, döwlet emläk işlerini gurnaýar we Konstitusiýa boýunça halkara ylalaşyklary kabul ya-da ret edýär.

Demoktratik üýtgeşmeleriň dowamynda hökümet we döwlet güýçleri ýuwaş-ýuwaşdan ösdi we berklendi.

Bazar ykdysadyýetine has-da çuňňur nazar salmak we raýatlaryň hukuk talaplaryny berjaý etmek üçin ähli syýasy güýçler birikdirildi.

Halk Maslahat bir bölekden ybarat bolan parlamentdir. Ol her dört ýyldan saýlawdan geçýän, milli wekiller diýlip hasaplanýan 240 agzadan ybaratdyr.

Halk Maslahaty Kanun çykaryjy organ bolup, ol Başlyk we başlygyň dört sany orunbasarlary arkaly ýöredilýär.

Ministrler Geňeşligi döwletiň içeri we daşary syýasatyny ýöredýän,  ýerine ýetiriji organ bolup hyzmat edýär. Ol her dört ýyldan täzeden saýlawa berilýär.

Adalat sudy ýokary sudynyň üsti bilen, Ýokary Administratiw sudy, Şikaýat sudy, daş-töwerek, harby we etrap sudlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Kanun üsti bilen ýöriteleşdirilen sudlar hem döredilip biler. Adatdan daşary sudlara rugsat berilmeýär.

Bolgariýada Prezidenti gös-göni saýlaw tarapyndan bäş ýyllyk möhlet bilen saýlanýar we ýene-de bir mandatlyk saýlanyp biler. Prezident Bolgariýanyň Ýaragly güýçleriniň Ýokary serkerdebaşysy hasaplanýar.

Bolgariýanyň tugrasy - goýy gyzyl meýdanda sag tarapa öwrülip dik durýan täçli Arslanyň şekilidir.

 

Резултат с изображение за герб българия                                                                                                          

 

Milli Bolgar Baýdagy bolsa gönüburçluk şekilde bolup, 3 sany renkden düzülýär: Ak, ýaşyl we gyzyl reňkler. Bu reňkler gorizontal şekilde bolup, her bir reňk şekili we ululygy boýunça deňdir.

 

TARYH

Bolgariýa 3000 ýyldan gowrak taryhy bar bolan döwletdir.

Taryhda Balkan ýarymadasy birnäçe siwilizasiýalaryň merkezi bolupdy: Fransuz, Rim, Wizantiýa şeýle hem birnäçe asyrlar dowamynda ýitip giden taýpalardyr tireleriň siwilizasiýalaryň merkezi bolupdyr.

Bolgariýa Döwleti 681-nji ýylda Han Asparuhyň güýjiniň astynda slawýanlar we bolgarlaryň birikmegi bilen düýbi tutulýar.

864-nji ýylda bolgarlaryň çokundyrylmagy bilen, olar Hristiýan siwilizasiýasynyň aýrylmajak bir bölegine öwrülýärler.

 

Dokuzynjy asyryň ikinji ýarymynda bolgar halkynyň ilkinji bolup KIRILLISA dünýä görkezmegi bolgar medeniýetiniň ösüşinde uly rol oynady, sebäbi ondan öň latyn we grek harplary ulanylýardy.

 

1185 ýylda Wizantiýanyň köp sanly galmagal döredýändigi üçin doganlar Asen we Pýotr baş göterip gozgalaň edyärler we şondan soňra wizantiýalylar Bolgariýa döwletine özbaşdaklyk bermäge mejbur bolýarlar. Bu günki Bolgariýanyň Weliko –Tyrnowo atly säheri şol döwürler Ikinji Bolgar Patyşalygynyň Merkezi bolupdyr.

1202 – nji ýylda Tsar Kaloyan (1197 – 1207) Wizantiýa bilen parahatçylyk ylalaşygyna gol çekyär we Bolgariýa doly garaşsyzlyk alyp berýär. Bu hereket Bolgariýanyň medeniýetine ullakan öňe gidişlik getirýär. Star Iwan Asena II – niň aradan çykmagy bilen bolgar syýasatynyň durnuklylygyna uly howp abanýar.

 

https://thebeautyofmycountry.files.wordpress.com/2014/12/n_1308075902_1962431.jpg

 

1396-njy ýylda Bolgariýa Osman gulçulygynyň astyna düşýar we bu ýagdaý 500 ýyla golaý dowam edýär.

1878 –nji ýyldaky Rus-türki azat edijilik urşundan soňra, ahyry soňy Bolgariýa 500 ýyllyk türki gulçulygyndan özüni doly erkin edýär.  1879-njy ýylda ilkinji Halk Maslahaty Bolgariýanyň ilkinji Konstitusiýasyny kabul edýär we bu ilkinji demokratiki hereketleriň biri bolýar.

20-nji asyryň ilkinji onýyllygy Bolgariýanyň ykdysady ösüşleriniň we özgermeleriniň ýyllary bolýar. Bolgar harytlary we bolgar walýutasy “Zolotoý Lew” günbatarda ýokary bahalandyrylýan walýutalaryň biri bolup, Awstriýa, Germaniýa, Fransiýa we Beýik Britaniýa ýaly döwletler bilen aragatnaşyk has-da ösýär.

 

Howasy

Bolgariýanyň howasy aram kontinental klimatly we dört pasyllydyr. Şeýle hem günorta garadeňiz etraplarynyň howasy Ortaýerdeňiz howasyna meňzeýär. Ol howa suptropik massalarynyň täsiri esasynda ýüze çykýar. Bolgariýanyň Demirgazyk böleginde sowuk, arktiki howa massalary barlygy üçin göz açyp ýumasy wagtda howanyň sowuklamagyna getirýär.

Ýylyň dowamynda ortaça howa -3 C˚ gradusdan 14 C˚ gradusa çenli üýtgäp durýar. Iň ýokary temperaturany Iyul we Awgust aýlarynda synlap bolýar.

Şemal ugry dürli hilli bolup üýtgäp durýar. Iň esasy şemallar Demirgazyk-Gündogar taraplardan gelýän, maýyl we gury kontinental howa massalaryny getirýän şemallardyr. Baharda we tomusda, gury ýeriň we deňiziň täsirleri esasynda salkynladýan we ýyladýan öwüsgünler bolýar. Ygal esasanda Günbatar tarapda köpräk düşüp, Gündogarda azrak düşýär.

Soňky wagtlarda anomaliýa hem duş gelindi – gury ya-da nemli tomus, bir ýyldan soňra, maýyl we gury gyş, şeýle hem köp ýagmyrly, garly, uzyn gyşlar.

 

Ykdysadyýet

Strategik ýerleşişi boýunça Bolgariýa Gündogar-Günorta Ýewropanyň merkezinde ýerleşmek bilen, Ýakyn Gündogara we Aziýa geçiş ýolunuň çatrygy bolup durýar.

Bolgariýa döwleti strategiki geografik ýerleşişi boýunça şu aşakdaky bazarlara elýeterlilik döredýär:

-       Günorta-Gündogar Yewropa – 122 million alyjylardan ybarat bolan çalt depginde ösüp barýan bazar.

 

-       Yewropa Bileleşigi – Bolgariýa döwleti 500 million alyjylary bar bolan, iň arzan biznes we ýaşaýyş-durmuş harytlaryny üpjün edýän bazardyr.

-        Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy – Ýakyn Günorta we Demirgazyk Afrika.

Bolgariýa maýa goýum üçin ullakan mümkinçilikleri açýan, syýasy we makro-ykdysady tarapdan durnuklylygy görkezýän döwletdir.

-       Doly durnukly Parlament Demokratiýa, ÝB (Ýewropa Bileleşigi), NATO we Bütündünýä Söwda Guramasynyň (BSG) agzalygynda durýar.

-       Walýuta Bileleşiginiň ylalaşygyna laýyklykda Bolgar Lewasy -  Ýewro bilen belli bir derejede baglydyr.

-       Ýewropa Bileleşigindäki işçilere Iň pes salgytlar we iň pes çykdajylary hödürlemek bilen, maýa goýum üçin ýörite gyzyklandyrma döredilýär.

 

Image result for bulgaria industry

 

 

Wajyp Bolan Ykdysady Görkezmeler (2013)

Jemi Içerki Önüm (JIÖ) Mlrd. Ýewro.

Eksport Mlrd. Ýewro.

JIÖ %-i esasynda Göni Daşary Ýurt Maýa Goýumlarynyň Nettosy

39,9

43,

3

Jemi Içerki Önümiň (JIÖ) ösüşi %

Işsizlik %

Inflýasiýa %

0,9

11,8

0,4

JIÖ %-i esasynda Býujet ýetmezçiligi

JIÖ %-i esasynda Daşary Borçlar

JIÖ %-i esasynda şu Ýylyň Balansy

-1,5

18,9

1,9

Uzakmöhletleýin Kredit Derejeleri

Moody’s: Baa2-  Durnykly

S&P: BBB-  Durnykly

Fitch: BBB  -  Durnykly

 Çeşme: BMB – Bolgar Milli Banky, Eurostat

 

 

 

2010-njy ýylyň başyndan bäri Bolgariýa ýokary Moody’s Derejesini görkezýän ýeke-täk Ýewropa döwleti bolup durýar.

 

-       2000-2008 ýyllar aralygynda bolgar ykdysadyýetiniň 6 % - den hem has-da yokary, üznüksiz ösmegi.

-       2011-njy ýylda Jemi Içerki Önümi (JIÖ) 1,6 % we geljekde-de çaklama bilen 2,8 % ösüşe garaşylýar.

-       Ýewropa Bileleşigindäki döwletleriň arasynda Az borçlulygy boýunça Bolgariýa 2-nji orunda durýar – 16,3 % (JIÖ esasynda)

-       1997-nji ýylda walýuta durnuklylygy girizilenden soňra, Walýuta Birleşiginiň ulgam çäklendirmesi esasynda - bolgar lewy ýewra görä 1,95583 bahada bellige alyndy.

 

Hakyky Jemi Içerki Önüm(JIÖ) Ösüşi:

 

Çeşme: BMB –Bolgar Milli Banky, Eurostat

 

Ortaça Döwlet borjy we Býujet ýetmezçiligi/artykmaçlygy (2008-2013):

Ortaça Döwlet borjy (2008-2013)

 

Býujet ýetmezçiligi/artykmaçlygy (2008-2013)

 

Göni Daşary Ýurt Maýa Goýumlary:

            

Çeşme: BMB –Bolgar Milli Banky

                                                      

Çeşme: BMB –Bolgar Milli Banky

 

 

Bolgariýada Salgyt Salma:

          

Çeşme: Worldwide Text

 

Bolgariýada Ylym-bilim almak:

Her ýyl takynan 60.000 talyplar aspirant bolýarlar

 

Çeşme: BMB –Bolgar Milli Banky