Image result for Türkmen keçesi

 

Türkmen halkynyň milli mirasynyň taryhy gadymyýet bilen çuňňur baglanyşykly närseler diýseň baýdyr. Şolaryň biri-de türkmen öýleriniň törüni bezeýän haly, palas düşeginden başga-da dürli möçberli, dürli reňkdäki nepis edilen keçelerdir.

Keçeler özleriniň döreýiş taryhy boýunça türki halklaryň, esasanda çarwadar halklaryň arasynda ýaşaýyş durmuş şertlerine laýyklykda has irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Ýöne wagtyň geçmegi bilen türki halklaryň käbirlerinde keçeler ulanylyşdan galypdyr.

Keçeler adamzat durmuşynyň köp zerurýetliginden ulanandyklaryny göz öňüne tutsaň, onda olaryň dörän wagtyny takyk bir döwür diýip aýtmak mümkin däl. Onuň sebäbi keçeler diňe bir düşek görnüşinde ulanman, eýsem olary gara öýleriň üstine atmak üçin dürli möçberdäki üzükdir durluklar, tazy itlere jul, düýeler üçin halyk, atlara niýetlenen işirgiler atkeçeler, çopanlar üçin ýapynja, mallaryň ýüňini gyrkylýan gyrlygyň poslamazlygy üçin ýapynja, çopanlaryň ownuk-uşak zatlaryny salmaga  gobzy ýaly zatlar muňa mysal bolup biler. Keçe hem-de keçe önümleriniň ulanylýan ýerleride onuň gara öýler bilen baglanyşykly taraplary-da keçeleriň döreýiş taryhyny has irki döwürlere dahylly edýär. Sebäbi alymlaryň tassyklamaklaryna görä irki çarwa gurnama öýleri ilki Merkezi Aziýada döräpdir. Şol gurnama öýleriň döwürlerini göz öňüne getirmekde bolsa, degişli ýazgylara b.e.ö V asyrda ýaşap geçen grek  taryhçysy Gerodonyň işlerinde duş gelýär.

Diýmek, bu biziň e.öň V-IV asyrlarda-da gurnama öýleriň bolandygy hakyndaky maglumatlara esaslanmak bilen, oňa degişli keçe we keçe önümleri-de şol döwürde ýüze çykandyr diýen pikiri orta atmaga mümkinçilik berýär. Ýöne keçeleriň döreýiş senelerini edil şol döwürden başlanypdyr diýmek islämzok. Belkide keçeleriň ondan hem öňräk dörän bolmagyda ähtimal. Sebäbi keçelere salynýan nagyşlaryň taryhynyň gadymlygy, üstesinede, ýazuw elipbiýi bilen baglanyşykly bolmagyda şeýle diýmäge esas döredýär. Umuman aýdanyňda, keçeleriň döreýiş taryhy barada ýazuw çeşmelere ýüzlensekde, ony belli bir döwürde dahylly etmeklik çetin, bu bolsa türkmen halkynyň taryhynyň çuňlugyny görkezýär.

Keçeleriň döreýiş taryhynyň çuňlugy ýaly onuň ediliş usuluda diýseň çylşyrymly, täsin, her halkyň arasynda dürli häsiýete eýedir. Şonuň üçin-de keselleriň ediliş tilsimleriniň inçe syrlaryny öwrenmek örän gyzyklydyr.

Her bir keçe özüniň aýratyn bir özboluşlulygy, möçberi hili nagyşlary arkaly tapawutlanýarlar. Halkyň çuň psihalogiýasyny özünde jemleýän şeýle keçeleri etmeklik üçin ussatlyk, ezberlik, irginsiz zähmet zerur.

Keçe diňe goýun ýüňünden edilýär. Düýe we geçi ýüňleri dokma üçin ulanylsa-da, keçe edilende ulanylmaýar. Goýunlaryň ýaz paslynda gyrkylan ýaz ýüňleri süýüm taýdan uzyn bolýar. Ýaz ýüňi dokmalaryň, keçeleriň dürli görnüşinede ýaramlydyr. Ýaz ýüňleri haýsy iş üçin taýýarlasaňda ony ilki ýuwmaly, soňra ýapmazlyk üçin tüý meläp, ýüň darakda daramaly. Daralan ýaz ýüňleri süýüm taýdan aşa uzyn bolsa, onda  ony entek darakda wagty üç bölege bölmeli, ýagny iň ilki darakda eliňe düşen gaty iri gylly ýüňi aýratyn goýmaly. Güýzde gyrkylan goýun ýüňi özüniň süýüminiň gysgalmagy bilen ýaz ýüňünden tapawutlanýar. Güýz ýüňüni ýuwman, saýmaly bolýar. Soňra darakda darap, saýyp zeruryň üçin peýdalanylýar. Güýz ýüňi keçe edilende, ýaz ýüňiniň darakdişi bilen garylyp, saýylsa has amatly bolýar. Keçäniň ortasyna salynýan ýüň, keçäniň hiline köp täsir edýän bölegi hasaplanýar. Şonuň üçinde güýz ýüňi bilen ýaz ýüňüniň ikisini-de deňagramly goşmaly, eger-de keçäniň ortasy üçin niýetlenen ýüňüň güýzküsi köp goşulsa, onda edilen keçäniň boýy gysga ini inli bolýar. Keçelerde şeýle kemçilikleriň bolmazlygy üçin ýaz ýüňüň darak dişini güýz ýüňi bilen deň goşmaly, şonda keçäniň ini, boýy laýyk bolýar.

Baýzy ýüň bu ýüň goýnuň ýaz hem-de güýz ýüňleriniň ikisinden-de tapawutly, süýüm taýdan has uzyn bolýar. Baýzy ýüňi toklulardan alynýar. Haçan-da toklular ýylda bir gezek, diňe güýz pasly gyrkylsa, ol ýüňe baýzy diýilýär. Baýzy ýüňi toklulardan alynýar. Haçan-da toklular ýylda bir gezek, diňe güýz pasly gyrkylsa, ol ýüňe baýzy diýilýär. Baýzy ýüňi kän reňk almazak bolýar. Şonuň üçinde baýzy ýüňe keçäniň arka ýüzündäki nagyşlara salmak üçin amatlydyr. Ýöne onuň has gaty gyllary ýüzünden aýyrylyp, ýumşak görnüşinde nagyşlara edilýär. Ol bolsa keçäniň hiline oňat täsir edýär. Guzy ýüňi bu ýüň süýümi boýunça baýzy ýüňünden gysgadyr. Onuň sebäbi tokly ýylda iki gezek gyrkylanda, ol eýýäm guzy ýüňi hasaplanylýar. Guzy ýüňüni keçäniň ähli hajatlary üçinde ulanmak bolar. Şu ady agzalan ýüňler hili boýunça ulanylmaly ýerlerinde peýdalanylsa onda alynýan önümleriň hilleriniň-de, görnüşleriniň-de oňat boljakdygy hakykat. Ýüňler hili boýunça doly aýyl-saýyl edilenden soň, keçeleriň reňkleriniňde oňat bolmagy üçin alada etmek zerurdyr. Boýaglar anna güni edilmeýär. Sebäbi anna güni boýag edilse,ol boýag ala bolýar. Boýalan ýüňleriň reňkleriniň ýokmazlygy, solmazlygy üçin ýüň reňkde gaýnap durka oňa duz atylýar ýa-da düýe çalynyň goruny guýup ýarym gün ýatyrmaly. Soňky döwürde sirke guýup boýaglaryň hilini saklaýarlar. Ýüňler reňkde gaýnadylýan wagty onuň aşagyna ýakylan ot pessaý bolmaly,eger ot güýçli bolsa, onda ýüňüň çüýremegine getirýär. Boýalan ýüňleri birnäçe dury suwda ýuwmaly, soň ony oňat edip guratmaly. Guran reňkli ýüňleri täzeden darakda darap, darak dişi hem-de pişge çykarmaly. Pişgäni keçäniň nagyşlaryny etmek üçin ýogyn we inçe görnüşde süýmeli. Keçeleriň ähli görnüşleride ýörite gyrkylan gamyşda salynyp çekilýär hem-de onuň üstine basylýar.

Gamyş ýazylan ýer edilen endigan tekiz bolmaly, hem-de ýazylan gamşyň süýşip, üýtgäp durmazlygyny gazanmaly. Ilki gamyşyň ýüzine inçe edilip çekilen reňkli ýüňler bilen salynjak nagyşlaryň keşbi çekilýär. Soňra ýogyn görnüşinde çekilen ýüňler arkaly onuň içi doldurylýär. Alajalar, gülýakalar bilen keçäniň keşbini doly bezäp bolanyndan soň, gara ýüňler bilen nagyşlaryň töweregindäki boş goýulan gyr gara ýerleri ýüzlenilýär. Şondan soň keçäniň ortasyndaky nagyşlaryň üstini darakdişi bilen garylyp saýylan güýz ýüňi bilen ýüzmeli. Ýüzlenen ýüňüň üstinden ýene-de reňkli ýüňler bilen keçäniň çöwre ýüzünede nagyşlar edilýär. Keçeleriň iki tarapynada nagyş etmeklik köplenç Türkmenistanyň günbatarynda-da giňden ýaýrandyr. Şonuň ýalyda iň uly keçeler Daşoguz, Balkan welaýatlarynda edilýär.

Keçäniň ähli salym işleri boldum edilensoň gamyşy örän usullyk bilen iki tarapyny deň göni edip, içine ýel düşürmäni gaty edip düşürip daşyny daňmaly. Berk daňylan gamyşly keçäni dikleýin tutyp iki taraplaýyn gaýnag suwy endigan guýmaly. Gamşyň daşy doly ezilenden soň, ýörite ýüp arkaly iki taraplaýyn çekýärler. 1,5 ýa-da 2 sagat çekilen keçe ýuwaşlyk bilen çözülip, gamşyň üstine basmaga taýýarlanylýar.

Keçe basylan wagty onuň oňat hili bolmagy üçin iki tarapyny gamşa sürüp basmaly. Gyralary sürülen keçäniň gyllary buýralanyp, keçäniň basymynyň ýetendigini aňladýar. Irginsiz zähmeti bilen gül keşbine meňzäp duran keçeleri edip agzybir ojagynyň törüni bezäp türkmen zenany indi altyn bagtyýarlyk zamanasynda altyna barabar keçeleri öndürýär.

 

Aýsoltan Saparowa