Köýtendagyň ýerasty dünýäsiniň syrlary: Garlyk gowaklarynyň özboluşly haýwanat dünýäsi

Surata düşüren: Şanyýaz MEŇLIÝEW, Wladimir KOMAROW

Günorta-gündogar Türkmenistanyň Köýtendag gerşi depesi garly, şypaly çeşmeleriň, owadanlygy bilen haýran edýän derýa hanalarynyň, gözel şaglawuklaryň, ýaşy asyr aşan daragtlaryň we gadymy eýýamlarda ýaşan haýwanlaryň yzlarynyň daşa öwrülip giden ýerleriniň mekanydyr.

Köýtendagyň esasy ajap ýerleriniň birem Garlyk obasynyň golaýyndaky Gapgotan, Haşymoýuk, Gülşirin, Aralyk, Daşýürek, Dik (Kunstkamera) ýaly we ýene-de ownuklarynyň onlarçasyny birleşdirýän Garlyk tebigy ýerasty köwler ulgamydyr.

Köýtendag gowaklary dürli stalaktitler we stalagmitler, täsin daş güller, gips kristallarynyň druzlary, gipsden emele gelen egrem-bugram şekiller bilen bezelen hakyky ýerasty labirintdir! Bu ýerde mermer oniksiň açyk reňkli, mele, seýrek duşýan üýtgeşik şekilli we sadap ýalpyldyly dürli görnüşleri gabat gelýär. Şeýle hem bu ýerde owadanlygy bilen haýrana goýýan kiçeňräk kölçeler hem bar.

Bu gatlaklaryň ýylyň paslyna we gije-gündize bagly bolmadyk özboluşly howasy bar – bu ýeriň temperaturasy üýtgemeýär, howasy aşa çygly we asla Gün düşmeýär. Iň geň ýeri-de, gözedürtme tümlükdäki täsin ýerasty dünýäde dürli jandarlar ýaşaýarlar...

Tutuş dünýäde ýerasty gatlaklarda jandarlaryň ýigrimi müňden gowrak görnüşi ýüze çykaryldy, munuň özi sany 8-10 milliona golaýlaýan ýerde ýaşaýan haýwanlar bilen deňeşdireniňde ujypsyzdyr... Şonuň üçinem ýerasty haýwanat dünýäsinden tapylan her bir täze jandar ylym üçin geň galdyryjy wakadyr.

Gowak aýylary, mamontlar, ýolbarslar we syrtlanlar bireýýäm ölüp gitdi, adamzat hem gowak öýünden çykdy. Soňra köwlerde her hili zatlar duşýarmyş diýen gürrüňler, hatda gowaklarda aždarha ýaşaýarmyş diýen rowaýatlar hem ýaýrap ugrady. On ýedinji asyryň ahyrynda zoolog baron Iogann Weýhardt Walwasor Balkan ýarym adasyndaky gowaklaryň birinde aždarha ýaşýarmyş, jala ýaganda çagalaryny köwden daşaryk çykarýarmyş diýip eşidipdir. Walwasor bu ýere gelipdirem welin... gören zady onuň lapyny keç edipdir: köwde ýaşaýan jandar hažžyga meňzeş boýy birnäçe santimetr haýwan eken. Zoolog žabralary daşynda ýerleşýän ýerde we suwda ýaşaýan jandara proteý diýip at beripdir.

Iki ýüz ýyl töweregi mundan ozal ýerasty dünýäsiniň çynlakaý biologik barlaglary başlandy. Şol döwürde gowaklardaky suwda we ýerde ýaşaýan dürli jandarlar aýan edildi. Olar leňňeçjikler, balyklar, eşekýassyklar, köpaýaklylar, möýler, ýalaniçýanlar we beýleki mör-möjeklerdir, olara soňra zoologlar troglobiontlar (gowaklarda ýaşaýanlar) diýip at berdiler.Ýerde ýaşaýanlardan tapawutlylykda olaryň teni has uzyn we inçe, uzyn aýajyklary we murtjagazlary bar, reňksizdirler. Gowaklara şöhle düşmeýänligi sebäpli olara göz gerek bolmansoň, olar gözsüzdir. Troglobiontlaryň käbiri ýerdäkilerden ulydyr (olara gowak läheňligi mahsusdyr).

Köwlerde kör tomzaklar, balyklar, ýerde hem-de suwda ýaşaýan jandarlar, leňňeçler we hatda ganatsyz siňeklerem gabat gelýär. Häzirki ýerasty jandarlaryň aglabasy geçen asyrlardan galan, indi ýer üstünde duşmaýan, emma geçen müňýyllyklaryň haýwanat dünýäsine mahsus keşbini we endiklerini saklap galan jandarlardyr. Şonuň üçinem olar ylym üçin uly gyzyklanma döredýärler.

Köýtendagyň tebigy gowaklarynyň syrlary baryp geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda açylyp ugraldy. Şol döwürde geologlar köwleriň onlarçasyny açdylar we ýazyp beýan etdiler. 1979-njy ýylda russiýaly alym-speleolog W. A. Malsew Bulagdere hanasynyň golaýynda suwly oýy barlap ýörkä balygyň täze görnüşini-troglobionty açdy, oňa Köýtendag kör golesi diýip at berildi, bu balyjyk soňra TGHB-nyň Gyzyl sanawyna (2000-nji ýylda) we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1985, 1999, 2011-nji ýyllarda) girizildi. Olar düýbünde ummasyz ýerasty köle ötük bolan “Suwlyoýuk” oýunda ýaşaýarlar. Häzirki wagtda bu oý kör golesiň ýaşaýan ýeke-täk ýeri hökmünde Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan goralýar.

Köwler ulgamyny öwrenmek işleri häzirem dowam edýär. Köýtendagyň bioköpdürlüligini öwrenmek üçin Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak Şalyk jemgyýetiniň (RSPB) arasyndaky özara düşünişmek hakynda ähtnamanyň çäklerinde birnäçe ýylyň dowamynda halkara ekspedisiýalary guraldy. Olara russiýaly, Beýik britaniýaly, bolgariýaly, sloweniýaly alymlar, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hem-de Köýtendag goraghanasynyň işgärleri gatnaşyp, bioköpdürlüligiň komponentlerini, aýratynam, gowak faunasyny, geologiýasyny we gidrologiýasyny barladylar.

Britanyýaly alymlar Reýçel Jons bilen Braýan Zimmerman “Suwlyoýuk” çukuryny barlanlarynda kör golesiň özüni alyp barşyna gözegçilik etmek üçin ilkinji gezek barlagyň mümkinçiliklerini artdyrýan ýörite suwasty ýüzýän kiçijik wideokameralary ulandylar.

Mundan başga-da, alymlar Gapgotan, Haşymoýuk, Kepderhana, Gülşirin köwlerini barladylar, Kyrkgyz gowagyny, Daraýdere we Ketdegiň hanalaryny, Başbulak gözbaşyny, Gaýnarbaba kölüni, Köýten derýasyny öwrendiler.

Köýtendag goraghanasynyň ylmy işgärleri bilen bilelikde moskwaly speleologlar M. Pereladow we A. Degtýarýow dagy Köýtendagyň eteginde ýene bir uly ýerasty köli açdylar. Belki, onuň gowakda ýerleşýän we ýagyş hem-de doňy çözülen suwlardan emele gelen Türkmenistandaky iň uly tebigy howdan bolmagy-da mümkin.

Bazardepe obasynyň golaýyndaky Kepderhana gowagy barlananda ysly peýnir goýlan ýörite duzaga üýtgeşik jandar düşdi. Soňrak onuň ikiguýruklylaryň täze görnüşi, ýaşy 300 million ýyldanam köp möjejikdigi-göwresi bary-ýogy birnäçe millimetr, gözsüz bogunaýakly jandardygy belli boldy. Olaryň giň ýaýrandygyna garamazdan, Merkezi Aziýada ikiguýruklylar näbelli jandar diýseňem boljak. Onuň ele düşen bu görnüşi kampodeidler maşglasyna degişli bolup, onuň göwresi 10 millimetrdenem kiçi, teni duw-ak, agzy tutuşlygyna kelle kapsulasynda ýerleşýär. Alymlar ony ýazyp beýan etdiler we onuň ýaramaz ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşan özboluşly relikt möjejikdigini nygtap, bu jandara Turkmenocampa mirabilis (haýran galdyryjy Türkmen ikiguýruklysy) diýip at berdiler. Mundan başga-da, Kepderhana köwünden kriptofag-tomzagy we bu mör-möjegiň ozal hasaba alynmadyk wekilleriniň ýene üçüsini ýüze çykardylar.

Kyrkgyz gowagynda bognaýaklylar maşgalasyndan üýtgeşik aýakguýruk (nogohwostka), Gülşirin köwünde bolsa, köpaýakly möjejik alymlaryň ünsüni çekdi. Gowak faunasynyň nusgalarynyň analizi dowam edýär, biziň leňňeçşekilli küregaýakly troglobiotikleriň (troglobiotic cyclopoid) açylyşynyň şaýady bolmagymyzam mümkindir.

“Paleobiologlaryň köpüsi Merkezi Aziýanyň gowaklarynyň faunasyny garyp saýsalar-da, Kepderhana ýaly gowaklar şu sebitde bioköpdürliligiň baýlygy, ösüş taryhy, ýerasty ekologiýa ulgamynyň kemala gelşi we işleýşi barada täze düşünjeler berýär”-diýip Bolgariýanyň Tebigy bilimler milli muzeýiniň oňurgasyz jandarlar kolleksiýasyny saklaýjysy, zoolog Pawel Stoýew belleýär.

Alymlar öz açyşlaryna oňurgasyz endemiki jandarlaryň ençemesiniň mekany bolan Kepderhana gowagynyň uly ähmiýetiniň subutnamasy hökmünde garaýarlar. Tapylan jandarlaryň öwrenilmegi fenogenetik, paleoklimatik we hatda geologik rekonstruksiýalar üçin bereketli maglumat, organizmleriň üzňe populýasiýalarynda bolup geçýän mikroewolýusion wakalary ýüze çykarmaga, olaryň köwleriň gazaply şertlerine uýgunlaşma usullaryna düşünmäge mümkinçilik berýär, ýerasty dünýäniň biologik köpdürlüligi barada düşünjelerimizi baýlaşdyrýar.

 

Şanyýaz MEŇLIÝEW, Köýtendag goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy

Elekton gazety "Altyn Asyr" /   08.02.2019