Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsinde çigildemleriň seýrek duşýan 16 görnüşi gabat gelýär

Baharyň bu gözel nyşany Köpetdagyň we Köýtendagyň dag eteklerindäki belentliklerde gabat gelýär. Olar ilki salkyn howanyň, käýerlerde gar gatlagynyň uzagrak saklanýan ýerleri bolan daglaryň aşaky gatlagynda, soňra orta bilinde gülleýärдук. Çigildemiň soganpisint düýbi ýazda topraga aralaşýar, onuň boýy gyşda topraga ýygnanýan ygalyň möçberine baglydyr.

Käte fewralda, köplenç mart aýynda Merkezi Köpetdagda çylgymly ýaýbaň ýaşyl ýapraklar, soňam ösüp ugran baldaklarda çigildem gülleri peýda bolýar. Miheliň çigildeminiň gülýapraklary gülüň düýbünden goýy-melewşe tegmil bolup açylyp ugraýar. Wilsonyň gyzyl, Buzäniň goýy-sary çigildemi gar eränden beýlekilerden öň gögerip, owadanlygy bilen göreni özüne bendi edýar.

Güllerini Güne garşy ýaýýan Lemanyň hoşboý ysly iri sary çigildemi “Şemallar ýudy” Bathyzyň nyşany hasaplanylýar. Boçansewanyň näzik iri gülli çigildemi, sarymtyl-gyzyl özbek çigildemi, Guguň goýy gyrmyzy-gyzyl çigildemi göreniň gözüni dokundyrýar. Dag eteklerinde güller pajarlap güllän döwri düýbi sary näzik-akja türkmen çigildemi, şeýle hem gülgüne-ak sogdiý çigildemi gabat gelýär. Gijelerine gülüň gülýapraklary ýapylyp, säherde güneş nury görnüp ugrandan olaryň bary birden açylýar. Adatça, çigildem ýekelikde ösýär, käte ençeme düýbi kiçeňräk meýdany tutýar. Gülleýän döwrüniň ahyrynda güle derek gozasy peýda bolup, ol tohumdam dolandan ýarylýar-da, olar uçup ýaýrap gidýär.

Türkmen ýabany çigildemleri üýtgeşik sypaty we göwrümi bilen tapawutlanýarlar. Olaryň iň irisi- endemik guşgy çigildemidir. Ol açylan wagty gyzyl tabajygy ýada salýar. Türkmen ösümlikler dünýäsiniň ýene bir bezegi-görki—Köýtandagda gögerýän belent çigildemdir. Onuň al gülleriniň boýy 10 sm bolup, ol ýitiburç ýyldyz görnüşlidir.

Ýurdumyzda ýabany çigildemleriň 16 görnüşi duş gelýär. Olaryň ählisi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

 

Aknabat POTAÝEWA, Ýelena DOLGOWA  /  Elekton gazety "Altyn Asyr"/ 09.04.2018