DÖWLETARA GATNAŞYKLAR PUDAGYNDA:

 

1.  Türkmenistan Döwletiniň Prezidenti - Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi - biziň guwanjymyz we şöhratymyz” atly kitabyny Bolgariýada tanyşdyrmak we halka ýetirmek.

 

2.    Türkmenistan Döwletiniň Prezidentini, döwletara ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegi üçin ýetiren beýik bähbitli işleri esasynda, Sofiýanyň Milli we Dünýewi Hojalyk Uniwersitetiniň ady bilen, Merhemetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy “Hormatly Professor” sylagy bilen sylaglamak.

             -  Sofiýadaky Milli we Dünýewi Hojalyk Uniwersitetiniň Rektorlar Geňeşliginiň karary esasynda, Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyhezretleri jenap Gurbanguly Berdimuhamedow, döwletara ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi üçin ýetiren beýik bähbitli işleri üçin Uniwersitetiň “Hormatly Professory” diýen sylagy bilen sylaglandy.

 

3.   Sofiýadaky “Kitaphana Ylymy we Maglumat Tehnologiýasy” Uniwersitetiniň gatnaşmagy bilen bilelikde, Türkmenistanyň Prezidenti, Onuň Alyhezretleri jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa “Hormatlanýan Doktor” sylagyny bermäge höwes bildirmek.

- Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Prezidenti, Onuň Alyhezretleri jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Sofiýadaky “Kitaphana bilimi we Maglumat Tehnologiýasy” Uniwersitetiniň  “Hormatlanýan Doktory” sylagy bilen sylaglamak üçin işleriň tertibi alnyp barylýar.

 

4.  Bolgariýanyň Atçylyk Sport Federasiýasy bilen bilelikde, Türkmenistanyň Prezidenti, Onuň Alyhezretleri Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa “100 ýyl Bolgariýa Atçylyk Sport  Federasiýasy” atly iň hormatlanýan medalyny bermäge höwes bildirmek.

-  Bolgariýanyň Atçylyk Sport Federasiýa Geňeşiniň karary esasynda, Türkmenistanyň Prezidenti, Onuň Alyhezretleri Jenap Gurbanguly Berdimuhamedow “100 ýyl – Bolgariýa Atçylyk Sport Federasiýasy” atly iň hormatlanýan medaly bilen sylaglandy.

 

5. Bolgar-Türkmenistan Söwda-Senagat Palatasynyň Başlygynyň höwes bildirmegi we karary esasynda, döwletara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we gineltmek maksady bilen Türkmenistan we Bolgariýa döwletleriniň Dostluk Jemgyýeti döredilýar.

          

 

YLYM-BILIM PUDAGYNDA:

 

6. Bolgariýanyň Ylymlar Akademiýasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň hyzmatdaşlygyna isleg bildirmek.

7.  Sofiýadaky “Mukaddes Kliment Ohridskiý” adyndaky Uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet Uniwersitetiniň hyzmatdaşlygyna isleg bildirmek.

 

 

Sofiýanyň “Mukaddes Kliment Ohridskiý” adyndaky Uniwersitetiniň Rektory – Professor Iwan Ilçew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet Uniwersiteti bilen giň hyzmatdaşlyga doly taýynlygyny resmi hat üsti bilen Bolgar-Türkmenistan Söwda-Senagat Palatasyna bildirdi.

-Bolgar-Türkmenistan Söwda-Senagat Palatasy bu hyzmatdaşlygy goldamak we habarlaşmak üçin taýynlygyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet Uniwersitetiniň Rektory – jenap Gurtnyýaz Hanmyradowa resmi hat üsti bilen yglan edýär.

 

8. Bolgariýa Respublikasynyň Medisina Akademiýasynyň Stomatologiýa fakulteti bilen Türkmenistanyň Döwlet Medisina Uniwersitetiniň hyzmatdaşlygyna isleg bildirmek.

 9. Sofiýadaky “Milli we Dünýewi Hojalyk Uniwersiteti” bilen Türkmenistanyň “Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş Institutynyň” hyzmatdaşlygyna isleg bildirmek.

10. Sofiýadaky Tehniki Uniwersiteti bilen Türkmenistandaky Döwlet Binagärlik Gurluşyk Institutynyň hyzmatdaşlygyna isleg bildirmek.

11. Sofiýadaky “Kitaphana Ylymy we Maglumat Tehnologiýa” Uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Institutynyň hyzmatdaşlygyna isleg bildirmek.

12. Plowdiw şäherindäki Agrar Uniwersiteti bilen Türkmenistandaky S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba-Hojalyk Uniwersitetiniň hyzmatdaşlygyna isleg bildirmek.

13. Stara Zagora şäherindäki Trakiýa Uniwersitetiniň Weterinar-Medisina fakulteti bilen Türkmenistandaky S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba-Hojalyk Uniwersitetiniň hyzmatdaşlygyna isleg bildirmek.

14. Bolgariýadaky Tokaý-Tehniki Uniwersiteti bilen Türkmenistandaky S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba-Hojalyk Uniwersitetiniň hyzmatdaşlygyna isleg bildirmek.

15. Todora Kableşkowa adyndaky Ýokary Ulag Uçilişesi bilen Türkmen Döwlet Ulag we Aragatnaşyk Institutynyň hyzmatdaşlygyna isleg bildirmek.

 

MEDENIÝET PUDAGYNDA:

 

16.       “Filip Kutew” adyndaky Döwlet Folklor Ansamly bilen Türkmen Milli Folklor Ansamlynyň özara hyzmatdaşlygyny başlamaga isleg bildirmek.

 

17.       „Pirin“ adyndaky Folklor Ansamly bilen Türkmen Milli Folklor Ansamlynyň özara hyzmatdaşlygyny başlamaga isleg bildirmek.

 

SPORT PUDAGYNDA:

 

18.       Bolgar Olimpiada Komiteti bilen Türkmenistan döwletiniň Olimpiada Komitetiniň özara hyzmatdaşlygyny başlamaga isleg bildirmek.

 

19.       Bolgar atçylyk sportynyň federasiýasy bilen „Türkmen atlary“ döwlet birleşiginiň özara hyzmatdaşlygyny başlamaga isleg bildirmek.

 

20.       Bolgar göreş federasiýasy bilen Türkmenistanyň göreş federasiýasynyň özara hyzmatdaşlygyny başlamaga isleg bildirmek.

 

21.       Bolgariýa döwletiniň atyjylar birleşigi bilen Türkmenistan döwletiniň şoňä meňzeş birleşikleriniň özara hyzmatdaşlygyny başlamaga isleg bildirmek.

 

KÖPÇÜLIKLEÝIN MAGLUMAT PUDAGYNDA

 

22. Iki döwletiň Köpçülikleýin Maglumat Serişdelerini goldamak maksady bilen türkmen žurnalistleri üçin Bolgariýa Respublikasynda syýahatçylyk saparlaryny gurnamak we bolgar žurnalistleri üçin Türkmenistan Döwletinde syýahatçylyk saparlaryny gurnamak.