Aşgabat Söwda Jaýy

 

 

                                                                                               

Söwda Jaýynyň baş maksady – türkmen önümçiliginiň abraýyny Bolgariýada artdyrmak we giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň we Bolgariýanyň ykdysadyýet wekilleriniň arasyndaky iki taraplaýyn hyzmatdaşlyklaryny giňeldiji tarap bolmak, şeýle hem, bolgar-türkmen ykdysady aragatnaşyklarynyň ösüşine ýardam bermek.

 

Söwda Jaýynyň döredilmeginiň esasy sebäpleri - Bolgariýa Döwleti bilen Türkmenistan Döwletiniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy,özara daşary ykdysady işleri,  ikitaraplaýyn saparlary, hususy taraplaryň we kärhanalaryň duşuşyklary. 

 

Bolgar-Türkmenistan hökümet iş toparynyň ikinji saparynda, Türkmenistanda bolgar we Bolgariýada türkmen “Söwda Jaýyny” gurmak baradaky meselelere seredildi. Bu işiň alnyp barylmagy iki tarapyň aragatnaşyk maglumatlarynyň elýeterligini we çalt alyş-çalşyny döreder.

 

Taraplary deň görnüşde gyzyklandyrýan pudaklarda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyklaryň ösüşine täsir ýetirmek höwesi bilen, bu Merkezi Aziýa döwletiniň  joşgun depginde ösüp barýan ykdysadyýetine bolgar telekeçiligi çyn gyzyklanma bildirýär we Türkmenistanyň ösüp barýan güýçli ykdysadyýetine gatnaşmaga taýynlyk görkezýär (2013-nji ýylda 10 göterim JIÖ ösüşi, 2015-nji ýylda 9,7%  JIÖ we 9,2% ösüşe 2016-njy ýylda garaşylýar, soňraky ýyldaky görkezijilerde JIÖ 8.4% bolmagyna garaşylýar we 6.2% göterime ýetmezinden ozal inflýasiýanyň 7.0% ýetmegi çaklanylýar).

 

Bolgariýanyň meşhur guramalarynyň hünärmenleri we müdirleri Bolgar-Türkmenistan Söwda-Senagat Palatasynyň agzalary bolup hyzmat edýärler. Olar ýangyç-energetika toplumlarynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda, dokma senagatynda, taslama we gurluşyk pudagynda, saglyk, agrosenagat pudagynda, gaplaw we gaýtadan işleýiş senagatynda, söwda we ş.m. pudaklarda hyzmat edip, ýaşaýyş gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek, ýol infrastrukturalary, portlar, energetika, nebit we gaz infrastrukturalary, oba-hojalyk we iýmit önümlerini öndürmek üçin täze bolgar maşyn gurallarynyň goýulmagynda bähbitli işler alyp barýarlar.

Türkmenistanyň JIÖ görkezijisiniň artmagynda uly rol oýnaýan Hususy guramaçylyk pudagynda hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklar üçin uly mümkinçilikler açylýar. Guramaçylyk hyzmatdaşlyklaryny ýakynlaşdyrýan täşirli gurallar şulardan ybarat bolmalydyr: halkara sergiler, ýarmarkalar, konferensiýalar, biznes-forumlar.

 

Bolgariýa Respublikasyna eksport etmek üçin gowy mümkinçilikler açylýar – türkmen nebiti täzeden işleýiş we nebit-himiýa önümleri, bäsleşige girip biljek himiýa we dermanlyk önümleri, dokma pudagynyň önümleri, mineral çig mallary, şeýle hem, syýahatçylyk pudagynda döwlet-hususy hyzmatdaşlykdan peýdalanmak – Türkmenistandaky arassa ekologiki Hazar deňziniň kenarynda gurulan ägirt we owadan “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy bilen Bolgariýanyň Gara deňziniň Warna we Burgas dynç alyş şypahana zolagynyň özara bähbitli, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyny gurmak. 

 

Daşary söwda işlerine ýardam bermek we bolgar milli guramalarynyň, telekeçileriniň we daşary söwda işleriniň agzalarynyň höweslerini goramak.

 

Sofiýadaky Aşgabat Söwda Jaýynda türkmen önümleriniň we hyzmatlarynyň hemişelik sergisini döretmek.

 

 


                                                                                                   http://www.agenziabozzo.it/bandiere_animate/Bandiera_animata_flag_Turkmenistan_dal_2001.gif