“Bolgar-TürkmenistanSöwda-Senagat Palatasy” (BTSSP) hökümete we kommersiýa degişli bolmadyk özbaşdak gurama bolup, onuň baş maksady bolgar we türkmen guramalaryna, kärhanalaryna, olaryňagzalaryna we dolandyryjylaryna goldaw, kömek ýetirmek we olaryň umumy höweslerini goramakdyr.

 

“Bolgar-Türkmenistan Söwda-Senagat Palatasy” (BTSSP) ösüp barýan biznes mümkinçilikleri, hyzmatdaşlyklary göz öňünde tutýan, türkmen we bolgar aragatnaşygyny goldaýan jemagatlar we gurama toplumlary üçin açyk guramadyr.

 

“Bolgar-Türkmenistan Söwda-Senagat Palatasy” (BTSSP) Bolgariýa Respublikasy bilen Türkmenistan Döwletiniň biznes-guramalarynyň arasyndaky söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyklaryny goldamak maksady üçin ähli taraplaýyn ýardam edýär. Ol türkmen we bolgar guramalarynyň aragatnaşyk maglumatlary we hyzmatdaşlyklary üçin ýörite platforma döretmek bilen, guramalaryň işleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri teklip edýär; türkmen, bolgar we halkara müşderileriň talaplaryna laýyk gelýän köp görnüşli hyzmatlary hödürleýär.